DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Özbegistanyň daşary işleri ministrleriniň duşuşygy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Aşgabada iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidow bilen gepleşikleri geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda ministrler türkmen-özbek gatnaşyklarynyň häzirki gün tertibi boýunça pikir alyşdylar. Şol bir wagtda, döwletara görnüşde, şeýle hem halkara we sebit düzümleriň çäklerinde amala aşyrylýan hyzmatdaşlygyň depginli häsiýeti tassyklanyldy.

Ministrler ýokary derejedäki gepleşikleriň we duşuşyklaryň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly möhüm meselelere aýratyn üns çekdiler.

Taraplar şeýle hem meýilleşdirilýän duşuşyklaryň we çäreleriň tertibini deňeşdirdiler.

Related posts

Türkmenistan we Russiýa gümrük ulgamynda hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirýär

BSGG-niň Türkmenistandaky wekili işini tamamlaýar

Elektroulaglar üçin batareýa önümçiligine girişer