BILIM

Aşgabat we Tokio bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow bilen Ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon assosiasiýasynyň başlygy, Tokionyň tehnologiýalar institutynyň hormatly professory H.Koinomanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň barşynda ylym, bilim we tehnologiýa ugurlarynda türkmen-ýapon özara hereketleriniň oňyn depgine eýedigi bellenilip geçildi. Taraplar ylym-bilim ulgamyndaky özara gatnaşyklaryň has-da işjeňleşdirilmeginiň zerurlygyny nygtadylar.

Ýokary okuw mekdepleriň ugry boýunça gatnaşyklaryň ählitaraplaýyn pugtalandyrylmagy maksady bilen taraplar hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny berkitmek boýunça pikir alyşdylar.

Related posts

Türkmenistan-Gruziýa: bilim boýunça iş toparynyň ilkinji duşuşygy

Arkadag şäheriniň gümrükhanasynda harby gullukçylar bilen ýörite okuw geçirilýär

Türkmenistanda ýokary bilimi ösdürmegiň 2052-nji ýyla çenli strategiýasy işlenip düzülýär