2023-nji 17-19-njy noýabry aralygynda Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda “Iran Project” atly Eýran Yslam Respublikasynyň 15-nji ýöriteleşdirilen sergisi geçiriler. Bu barada Eýranyň ilçihanasy habar berýär.
Umuman Eýranyň öňdebaryjy 100-e golaý kärhanasy, ýagny gurluşyk pudagyna degişli (gurluşyk materiallary, daş, sement, keramika, plitkalar, kranlar we saglygy goraýyş enjamlary, elektrik enjamlary, kabeller, rozetkalar we jaýlary yşyklandyryş enjamlary) we tehniki – inženerçilik hyzmatlary hödürleýän kärhanalar (nebit, gaz, nebithimiýa, elektrik, oba hojalygy, lukmançylyk we ş.m.) bu sergä gatnaşar.
Sergi 17-nji noýabrda öz işine başlar. Şeýle-de, 18-nji noýabrda Eýranyň we Türkmenistanyň kärhanalarynyň arasynda tejribe we pikir alyşmak maksady bilen ykdysady hyzmatdaşlyk mejlisi geçiriler.
Türkmenistanyň ähli raýatlaryny hususan-da telekeçiler we türkmen kärhanalaryň wekillerini sergä aýlanmaga çagyrýarys.
