BIZNES

Russiýanyň gazy Özbegistana iberilip başlandy

Şu gün Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň gatnaşmagynda Russiýanyň tebigy gazynyň Gazagystanyň üsti bilen Özbegistana “Merkezi Aziýa-Merkez” gaz geçirijisi arkaly iberilip başlanmagyna bagyşlanan dabara geçirildi.

Russiýada resmi saparda bolýan Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Russiýa iş sapary bilen baran Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bu dabara gatnaşdy.

– Taslama Russiýanyň eksport ugurly tebigy gazynyň diwersifikasiýalaşdyrmagyna mümkinçilik berer. Şeýle hem Özbegistanyň tebigy gaza bolan zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga ýardam eder. Biziň ýurtlarynyň senagatynyň ösmegine goöant goşar – diýip, Kasym Žomart Tokaýew dabaradaky çykyşynda belläp geçdi.

Şeýle hem ol ýurtlaryň arasyndaky durnukly durmuş-ykdysady ösüşde tebigy gaz pudagynyň ornunyň uludygyny belledi.

Gazak Lideri bu gaz geçirijisiniň 20 müňden gowrak kilometri Gazagystanyň çäklerinden geçýändigini belläp, onuň ýyllyk geçirijilik kuwwatynyň 255 milliard kubmetre deňdigini mälim etdi.

Geljek 2 ýylda Russiýa Gazagystanyň üsti bilen Özbegistana ýylda 2,8 milliard kubmetr tebigy gaz eksport eder.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bu taslamanyň bähbitleri taraplaryny belläp, Özbegistanyň energoüpjünçiliginde goşmaça çeşmelere eýe boljakdygyny, şeýle hem ýurduň öý hojalyklaryna hem-de durmuş maksatly desgalaryny bökdençsiz ýylylyk hem-de elektrik energiýasy bilen üpjün etmäge şert döretjekdigini belledi.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Owganystan energetika taslamalaryny maslahatlaşdy

24-25-nji maýda «Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly sergi we maslahat geçiriler

Türkmenistan «Green EXPO 2027» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň işewürler toparynyň Beýik Britaniýa saparynyň birinji güni

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň kompaniýalary “Agro Pack Turkmenistan-2026” halkara sergisine gatnaşdylar

«Türkmennebit» we «Petronas» täze maýa goýum taslamalary boýunça Teswirnama gol çekdiler