BIZNES

Bakuda energetika boýunça täze ylalaşyklara gol çekiler

Ertir Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde Günorta gaz geçelgesiniň Konsultatiw geňeşiniň 13-nji mejlisi hem-de ýaşyl energiýa boýunça Konstultatiw geňeşiň 3-nji mejlisi geçiriler. Oňa 24 döwletden, şol sanda Ýewropa Bileleşiginden, halkara maliýe guramalaryndan hem-de energetika kompaniýalaryndan wekiliýetler gatnaşar.

Forumyň çäklerinde Günorta gaz geçlegesini ösdürmäge degişli meseleler, ýaşyl energetika pudagynyň geljegi barada pikir alşylar. Şeýle hem Azerbaýjanyň, Türkiýäniň, Gruziýanyň we Bolgariýanyň ministrleriniň arasynda ýaşyl energetika söwdasy boýunça duşuşyklar guralar.

Bu çäreleriň jemleri boýunça energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça resminamalara gol çekiler.

Related posts

“Rönesans” kompaniýasy Türkmenistanda täze taslamany durmuşa geçirer

Elektrik stansiýasy we howa menzili gurlar

Petronas, Türkmenistan ile işbirliğini arttırmak istiyor

vepa