JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammitine gatnaşýar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammiti öz işine başlady.

Özbegistanyň taryhy Samarkant şäheriniň Kongres merkezinde geçirilýän sammite Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew başlyklyk edýär.

Sammite Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Antoniu Koşta, Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýen, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow hem-de Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon gatnaşýar.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurda amala aşyrýan iş saparynyň birinji gününde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Odil Reno-Basso, Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Antonio Koşta, Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýen bilen duşuşyklary geçirdi.

Şu gün Samarkantda «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammiti, şeýle hem halkara klimat forumynyň açylyş dabarasy geçiriler.

Şeýlelikde, Samarkantda ýokary derejede geçiriljek şu gezekki sammit iki sebitiň arasyndaky uzak möhletleýin, köpugurly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim bolar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum Lider Aýatolla Hameneýiniň matam çäresine gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Yslam Şurasynyň Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum ruhy Lider Aýatolla Hameneýi üçin guralýan çäre gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

ABŞ-nyň Garaşsyzlygynyň 250 ýyllygy Aşgabatda bellendi