Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan parahatçylyga gönükdirilen diplomatiýasy bu gün Arkadagly Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilip, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen milli we halkara derejede ileri tutulýan ugurlar hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça bilelikdäki taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bulardan başga-da, ýurdumyz ählumumy parahatçylygyň we ynanyşmagyň berkidilmegine saldamly goşant goşýar.
Parahatçylyk we ösüş ýaly ýörelgelerden ugur alýan Türkmenistan döwletimiz özüniň daşary diplomatiýasyny barha işjeňleşdirýär. Gahryman Arkadagymyzyň golaýda Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran sapary, Gahryman hormatly Prezidentimiziň Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde geçirilen GDA-nyň Baştutanlarynyň geňeşiniň sammiti halkara hyzmatdaşlygynyň syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarynyň barha berkeýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
17 — 19-njy oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda boldy. Bu sapar türkmen-hytaý hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny dürli ugurlarda has-da ösdürmäge giň mümkinçilik döretdi.
«Bir guşak, bir ýol» forumy Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin tarapyndan mundan 10 ýyl ozal öňe sürlen başlangyç esasynda döredildi. Başlangyç sebitleýin goşulyşmagy çuňlaşdyrmak, söwdany ilerletmek we ykdysady ösüşi gowulandyrmak üçin guryýer hem-de deňiz ýollary arkaly Aziýa yklymyny Afrika we Ýewropa bilen birleşdirmegi göz öňünde tutýar. Ol Ýüpek ýolunyň ykdysady guşagyny we XXI asyryň deňiz Ýüpek ýoluny öz içine alýar.
Taslama 10 ýylyň içinde iş orunlarynyň ýüz müňlerçesiniň döredilmegine goşant goşup, Ýer ýüzünde 40 million adamyň has gowy durmuşda ýaşamagyna, kooperatiw taslamalaryň 3 müňden gowragynyň ösüş gazanmagyna ýardam berdi. Şu başlangyç esasynda 2013 ― 2022-nji ýyllarda dürli taslamalara goýlan maýalaryň umumy möçberi 380 milliard amerikan dollaryna ýetdi.
Ine, şeýle uly bähbidi bolan forumda Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň adyndan täze başlangyçlary beýan etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nygtaýşy ýaly, hyzmatdaşlygyň syýasylaşdyrylmagyny aradan aýyrmak, energetika we ulag akymlarynyň birtaraplygyndan el çekmek, olaryň giň halkara gatnaşyklar üçin diwersifikasiýalaşdyrylmagyny, elýeterliligini üpjün etmek türkmen tarapynyň çemeleşmesinde möhüm ugurlar bolup durýar.
Bu ýokary derejdäki saparlar Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň — dost-doganlygyň, agzybirligiň, asudalygyň, abadançylygyň, parahatçylygyň, ynanyşmagyň, rowaçlygyň hem ösüşleriň mekanydygyny ýene-de bir gezek tassyklady.
Maýa Amanowa,
TOHU-nyň Diller kafedrasynyň müdiri.