SIZDEN GELENLER

Lukman Arkadagymyzyň gymmatly eseri

10-njy oktýabrda ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp geçirilýän «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň çäklerinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işiniň XV jildiniň tanyşdyrylyşy boldy. Kitap ýurdumyzyň saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramynyň öňüsyrasynda çapdan çykdy.

Türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler we milli fitoterapiýa baradaky bu özboluşly ylmy-ensiklopedik iş dünýäniň köp dillerinde neşir edilip, millionlarça daşary ýurt okyjylaryna elýeterli boldy hem-de ýurdumyzda lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça hünärmenleriň gollanmasyna öwrüldi. Saglygy goraýyş ulgamyndaky ylmy işleriň awtory Gahryman Arkadagymyz milli lukmançylygymyzy ösdürmegiň özünde pederlerimiziň paýhasyny we tejribesini, dünýä lukmançylygynyň häzirki zaman meýillerini jemleýän nusgasyny döretdi.

Bu düýpli ylmy işiň sahypalarynda ýerli dermanlyk otlaryň onlarça görnüşiniň, ösümlikleriň kökleriniň hem-de miweleriniň, şol sanda endemik ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri, olary ylmy we halk lukmançylygynda peýdalanmagyň mümkinçilikleri giňişleýin beýan edilýär. Kitap okyjylara adamzadyň gazanan üstünlikleriniň hazynasyna, şol sanda lukmançylyk işine uly goşant goşan türkmen halkynyň köpasyrlyk tejribesidir däpleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.

Gahryman Arkadagymyzyň «tebigy dermanhana» yzygiderli ýüzlenýän Gündogar lukmançylygynyň görnükli alymlarynyň hem-de türkmen tebipleriniň nesilden-nesle geçip gelýän iň gowy tejribesi esasynda döredilen «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň nobatdaky jildi ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň, şol sanda ylym-bilim, ynsanperwer ugurly hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna ýardam berer.

Islendik bir kitabyň dünýäniň ýüzünde ykrar edilmegi, şol kitabyň awtorynyň näderejede kämil şahsyýetdigini doly açyp görkezýän hakykatdyr. Çünki kitap — kämilligiň gözbaşy. Alym aýtmyşlaýyn, kitap adamzadyň geçen ýoly baradaky iň gysga hasabatdyr. Ynha, bu günki gün Gahryman Arkadagymyz özünde çuň pelsepewi pikirleri jemleýän ençeme kitaplaryň awtory hökmünde dünýäde giňden ykrar edilýär.

Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamyndan çykýan her bir eseri ýaşlaryň ýankitabyna öwrüldi, çünki ol eserlerde Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyza hem-de halkymyza çäksiz söýgi bar, geljegi bagtyýar etmegiň aýdyň salgysy bar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Saglygy goraýyş ulgamynda özgertmeler dowam etdiriler. Täze-täze hassahanalar, bejeriş-sagaldyş edaralary gurlup, döwrebap lukmançylyk enjamlary we derman serişdeleri bilen üpjün ediler» diýen sözlerinden ugur alyp, saglyk ulgamynda alnyp barylýan işler barha rowaçlanýar.

Türkmen tebigatynda hiç bir zat bilen çalşyp bolmajak ençeme dermanlyk ösümlikler bar. Halk lukmançylygynda giňden peýdalanylýan melhem ösümlikleri hemmetaraplaýyn, ygtybarly öwrenmäge aýratyn üns berilýär, olardan derman serişdelerini öndürýän kärhanalar gurlup ulanylmaga berilýär. Arkadag şäheriniň 2-nji tapgyrynda hem şeýle kärhananyň gurluşygynyň göz öňünde tutulmagy Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan dowam etdirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň aýdyň nyşany bolup durýar.

Mekan Şamämmedow,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň

Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy. 

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri