«Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasyna iş saparyna baran türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow resmi kabul edişlik çäräsine gatnaşdy. Bu barada “Sinhua” habarlar gullugy habar berýär.
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Pekin şäherinde geçirilýän «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmak üçin döwlet ýolbaşçylarynyň hormatyna resmi kabul edişlik gurnady. Pekindäki Halk ýygnaklar öýünde geçirilen dabara foruma gatnaşmak üçin gelen döwlet we hökümet baştutanlary gatnaşdy.
Myhmanlary Halk ýygnaklar öýünde HHR-iň Başlygy Si Szinpin we onuň maşgalasy garşylady. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem gatnaşan bu kabul edişlik çäresine BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban, Pakistanyň Premýer-ministri Anwar ul-Hak Kakar we beýleki köp sanly ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlary gatnaşdy.
Kabul edişlik çäresiniň çäklerinde bilelikde surata düşmek dabarasy hem guraldy. Soňra hormatly myhmanlaryň hormatyna teatrlaşdyrylan konsert maksatnamasy görkezildi.
Ertir, 18-nji oktýabrda «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatynyň resmi dabarasy geçiriler.
«Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahaty Merkezi Aziýanyň, Ýewropanyň we Afrikanyň 60-dan gowrak ýurduny birleşdirýän täze söwda-ulag geçelgelerini döretmek, häzirki hereket edýänlerini bolsa kämilleşdirmek boýunça Hytaýyň halkara başlangyjy bolup durýar. Şeýle hem maslahat şol ýurtlar bilen Hytaýyň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň ösmegine ýardam berer.