HEKAÝALAR

Dünýäniň düýrügen güni

                                                       Hekaýa

Men bir-ä, Göwher gelnejemleriň sygrynyň myrtar ses bilen molanyny, birem aýylganç del gümmürdini eşdenimi bilýärin. Ýene bir bilýän zadym kelläme  agyr zadyň degenini hemem Gülsün ejäniň howsalaly sesi.

– Öwekge, ýet, Göwher gelnejeňlere… Ýer yranýar !

Gijirägem bolsa, nämäň – nämedigine düşündim. Obamyz gyzyl kesek bolup ýatyr. Gyk – baklyk, kim öýde aglaşyk, kim öýde aglaşykdanam beter.

Dadyňy ýetirmäge adam ýok. Her öýüň tobasy özüne ýetik. Ol öýüň agyrsy, beýleki öýüňkiden zyýat bolmasa pes däl. Gaýraky syrgyndan enäniň nalyşly ybadaty, çagalaryň yzlaşygyna goşulyşýan dünýäniň güwwüldisi eşdilýär. Kimdir biriniň howsala bilen Alla edýän mynajaty hasam ýürege gorkyny salýar.

– Haýsy edilen bet iş üçin ar alýarka…

Hatda, itleriň guýruklaryny ýamzyna gysyp, asmana garap üýrüşlerem ýüregiňde gypynç döredýär. Pişiklere çenli iniňi üşündirip pessaý mawlaýar.

***

Göwher gelnejemlere ýetäýmänkäm Üpük gojanyň gyssanmaç olara ýetip barýany göründi. Men dadymy goja aýtmakçy boldum. Ýöne daşaryň tobasy, içeriňkiden elhenç eken.

Jaýyň ortarasyndan geçýän ýogyn pürs, ekizleriň bilinden basypdyr. Kimdir biri ýörite el bilen eden ýaly bir ýan uç – da, gyzjagaz boglup ýatyr, beýleki uçda – da, oglanjyk. Ho – ol beýlede – de, Göwher gelnejem mejalsyz, bolýan zatlara tomaşa edýän ýaly gözlerini mölerdýär.

Deşilen kelle – de gatan gan, onuň güýçli urgyny görendigini aýdýar.

Gödeňsi pürs agajy, bir adama däl, iki adam-a – da , per berjegi bigüman. Onda – da, töwekgellik etmeli. Töwekgellik başa baraýan ýagdaýynda – da, çagalaň diňe biri aman galjak.

Ýagdaýy oýunda aýlan goja, şeýle ýagdaýda adam gyssanyp nähili bolýan bolsa, şeýle hem bolýardy. Ol hem – ä, ekizekleriň maňlaýyny sypalaýar, hemem howsalaly, ýöne düşnikli pyşyrdaýar.

– Göwher gelin, ekizekleri pürs basypdyr, olaryň birini, diňe birini ajaldan alyp galyp boljak… Ýöne haýsyny…

Şeýle sowaly bermek, onuň jogabyny eşidenden kyn borly. Goja beren sowalynyň jogabyny eşitmejek bolup, iki – baka elewreýär.

Göwher gelnejeme derek, gyzjagaz çaga närzalygy bilen iňledi. Pürs onuň demligini daraldýan borly, ses boglup eşdildi.

Men gyssanmaç gygyrdym.

– Ikisinem…

Goja ýüzüme naýynjar garady. Pürsi göterip aýyrmana güýç ýok. Gozgasaň, ýokaryk galdyrylan tarap, beýleki tarapa has agram saljak. Onsoň, Hudaýyň uranyny, pygamber gaýtdan hasasy bilen dürtgelejek…

Gojanyň sesi ysgynsyz eşdildi.

– Sen ene, tiziräk bir zat diý, ýogsam… Ýogsam, ikisindenem dynmaly bolmagymyz gaty ähtimal…

Men agynyň arasynda, Göwher gelnejemiň, “Ikisinem” diýýän sesini, çagajyklaryna kömek bermek üçin, süýşenekläp biderek azap çekýänini görýärin.

Bu zatlary görüp durup, baş çykarmak aňsat däl borly, goja dara gysylyp aljyraýar. Ugruny ýitirip zarynlaýar.

– Gaýrat et, gelin haýsyny, oglanjygymy ýa…

Göwher gelnejem, bir zatlar, bir zatlar diýjek bolup, diýip bilmän ýykyldy. Soň ýene çagajyklaryna tarap süýşenekläp, ene gözi bilen gyzjagaza uzak wagtlap seretdi. Soň ýene seretdi. Soňam, howa, soňam oglanjyk tarapa elini uzatdy.

***

Bolup geçýän zatlary görüp, eşidip ýatan gyzjagaz indi aglajagam bolanok. Ol adalatsyz dünýäniň bi rehimsiz oýnuny gara gözlerine berip, süýji agyry bilen maňa seredýär.

Goja agyr pürsiň bir ýan gapdalyndan – oglanjyk tarapdan tutup, tutuksy hümürdedi:

– Hany, Öwekge, bejidiräk bol…

Agyr pürs, taby giden goja bilen, sylaça ýaly oglanyň diýenini edenok. Her gezek götermek üçin onuň bir tarapy gozgalan – da, beýleki tarapy hasam ornaşyp, gyzjagazy beter basýar. Bu birini halas etmek üçin ýene birini öz eliň bilen bogmak. Bu meniň ezelenip duran gursagymy has beter mynçgalap, ýitirim dünýäniň içinde atsyz – tozsuz ýitip gidesimi getirýär.

Gojanyň ýagdaýam meniňkiden öwerlikli däl, iki gözüň birini gurban etmek agyr düşýän borly. Onuň bir syhly ybadat edýändigem şonuň üçin.

– Ejiz bendeleriňe özüň güyç – kuwwat bereweri…

Her gezekgi agyr pürsem gözgajak bolup edilýän synanşykdan soň, gyzjagaz pese gaçmak bilen. Indi ol gözjagazyny käte bir açyp, doganynyň uzak ýaşajagyna begenýän ýaly, gelşiksiz ýylgyryp oňa tarap horja goljagazyny uzadýar. Bu onuň, kiçijek gursagynyň dünýä bolan iň soňky arzuwydy.

Içerdäki bolýan her bir hereket meniň gozgalaň tapan oglan ýüregimi el bilen sogurlan ýaly edýär. Men indi perişan ýagdaýda, uly ilim bilen aglaýaryn, onda – da, çynym bilen aglaýaryn.

Bir seretsem gojanyňam eginleri titireýär. Men ony görüp sesimi tapba kesdim. Eý – ho, ulynyň agysy, kiçiňkiden has beter eken. Men erkek adam bolup, erkek adamyň agysyny görmejek bolup gözlerimi ýumdum.

***

Biz ýene ajal agajynyň gyrasyndan ýapyşdyk. Synanşyk ýene şowsuz tamamlandy. Soň ýene synanşyldy. Ýene – de gury azap boldy. Ýöne bir zat – oglanjyk näçe dünýä golaýladygyça, gyzjagaz şonça – da, dünýäden daşlaşmak bilendi…

Tereziniň haýsy tarapy ýeňil? Birini halas etjek bolup, ýene biriniň wagtyndan öň ömri kesilmelimi? Dünýäniň sowaly kän – de, jogaby az. Megerem şeýle ýagdaý, päk adamlaram hasrat çekdirýändir…

Soň men nämäň, näme bolanyny bilmedim. Oglanjyk halas bolupdyr. Gyzjagazam üç günden soň özüne gelipdir.

Soň näme boldy?

Soňmy, biz ýitirim dünýäniň içinde, ýitirilen ömürde ýaşadyk, ýördük. Şol bolan ýagdaýa özi günäkär ýaly Üpük goja oba gelmän, daşda – içde gezdi ýördi. Iki adam sataşsa, şoň gürrüňini edýändir öýdüp, menem köpçülige barmaga gorkup ýördi… Göwher gelnejemem, hon – ha, dünýä dahylsyz ýaly gara ýeri basgylap ýör. Oglanjygy soň men görmedim. Uzak ýyllardan soň, gyz bir gün maňa şeýle sowal bilen ýüzlendi.

– Näme üçin şo gezek siz meni…

Bu agyr sowala men özümçe jogap berdim.

– Ene ogul dogursa, perzent dünýä gelýär, gyz dogursa, ol özüni gaýtalaýar…

Jogap gyza ýaramadyk borly, ol janygyp gürledi.

– Eneler dünýä ýaşaýşy alyp gelýär…

Men aljyrap agzyma gelenini sammyldadym.

– Hudaýyň özi erkek adam bolany üçin, ol erkekleri aýallardan…

Ol ýene hüjüme geçdi.

– Öküzleriň üýşmeleňi göläni emele getirmeýär…

Men gyssandym. Ol indi has batyrgaý gepleýär.

Senem men ýaly ak saç enäniň biri heniz boýuň jümjümäniňkiden uly dälkä, goluňdan tutup dünýä getirendir…

***

Meniň bimany ömrüm gaty kän zatlaryň şaýady boldy. Olaryň süýjüsem kän, ajysam… Bu gün ýene şo – ol ýyllaryň beýnime guýan zatlary barada oýlanyp, obama barýaryn.

Obamyz pukarajada  bolsa, şadyýan garşy aldy. Meniň ymgyr kän azap gören ýüregimi awlan zat – ho-ol beýlede-de bir topar oglanyň aşyk oýnap ýörenligi. Men olara golaýladygymça bir wagtky ýiteňkirlän ýaşlygym özüme golaýlaşýan ýaly boldy.

– Aşygymy tändirip bilen, Ärmämmetdigiňi bilerin…

– Golam at çüwse, ýaglowyk aşygyňy berermiň…

– Kenegiň çepbekeými, ýa saglakaý?

Bular meniň düýnim. Dünýa gelip – gidenligimiň şaýady. Oglan ýüregimiň unudulmajak begenji hem hesreti.

Ýerden çykan ýaly güňleç ses, meniň sähelçe – salymlyk guwanjymdan daşlaşdyrdy.

– Heý, Öwekge, bu senmaý, iller seniň ýazan zatlaryňy biri – biriniň yzyna tirkeseň, ol obamyzdan şähere durman ýetjek diýýä. Sen şeýle köp zat ýazsaňam, näme üçin şo gezek gyzjagazdan öňürti, oglanjygy halas edeniňiz hakynda hiç zat ýazaňok.

Bu obamyzda akly ýuka diýilýän Işannur aga. Biteňkirlän ýaramyň ýene dyrmalanmagy meni çykgynsyz ýagdaýa saldy. Nämedir bir zatlar diýmäge çemeleşsemde aşyk oýnap ýören oglanjyklar tarapdan ses eşdildi.

– Dünýäniň sowalyna goý, dünýäniň özi jogap bersin…

Öwezmyrat ÝERBENDI.

 

Ýene-de okaň

Ýazyň gyşa öwrülen güni

Mukam bagynyň bilbili (hekaýa)

Ata Watan Eserleri

Syryň ýazygy (hekaýa)

Saz (hekaýa)

Bedew nikasy (hekaýa)

Gelinsusan (hekaýa)