JEMGYÝET

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabadyň günorta künjeginde ýerleşýän “Magtymguly Pyragynyň” medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde alnyp barylýan işler hem-de paýtagtymyzy ösdürmegiň möhüm ugurlaryna degişli şekil taslamalar bilen tanyşdy. Şunda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk dabarasyna taýýarlyk çärelerine möhüm ähmiýet berildi.   
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ir bilen “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynyň ýanyna geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň birnäçe orunbasarlary we Aşgabat şäheriniň häkimi garşyladylar.
Gahryman Arkadagymyz ilki bilen toplumyň ähli çäginiň we onuň ýanaşyk ýerleriniň ýokary derejede abadanlaşdyrylmagyna onuň ekologiýa we arassaçylyk ýagdaýyna zerur üns bermelidigini belledi. Şunda  beýik şahyryň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumy şäheriň günorta künjegindäki beýleki desgalar bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidir. Aýratyn-da toplumyň we beýleki ugurdaş desgalaryň ýazgylary gözegelüwli bolmalydyr, olaryň girelgeleriniň bezeg aýratynlyklary özboluşly milli binagärlik çözgüdi bilen utgaşdyrylmalydyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynyň çäginde taýýarlanan taslamalar we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.
Gahryman Arkadagymyz bu iri medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagynyň 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik şahyrynyň hem-de akyldarynyň 300 ýyllygynyň giňden baýram ediljek senesiniň hormatyna geçiriljek ägirt uly dabaralaryň özboluşly başlangyjyna öwrüljekdigini belläp, toplumyň açylyş dabarasy mynasybetli guraljak çäreleriň ýatda galyjy pursatlara beslenmelidigine ünsi çekdi.
Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz görkezilen taslamalar bilen tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkmenistandaky “Mosaic Visa” kompaniýasy 4-nji maýda täze ofisine geçýär

Türkmenistanda täze talyp haklary giriziler

Arkadag şäheriniň 2-nji tapgyrynda 4284 maşgala niýetlenen ýaşaýyş jaýlary gurulýar

Arkadag şäheriniň wekiliýeti Azerbaýjanda geçiriljek Şäherleriň Bütindünýä Forumyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

Arkadag şäheriniň muzeýinde Milli Liderimiziň manyly ömrüne degişli gymmatlyklary ýerleşdirmek meýilleşdirilýär

Ata Watan Eserleri