DÜNÝÄ

Malaýziýanyň parlamentiniň wekiller palatasynyň başlygy Türkmenistana sapar bilen geler

Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Muhammetniýaz Maşalow Malaýziýanyň parlamentiniň wekiller palatasynyň başlygy Tan Şri Dato Jahori Abdul bilen duşuşdy. Bu barada Tükrmenistanyň Malaýziýadaky ilçihanasy habar berýär.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda parlament hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar parlament hyzmatdaşlygynyň netijeli gatnaşyklary, halkara hyzmatdaşlygyny we özara düşünişmegi pugtalandyrmagy üpjün etmek babatda möhüm gural bolup durýandygyny bellediler.

Tan Şri Dato Jahori Abdul şu ýyl Türkmenistana sapar bilen barmaga gyzyklanma bildirýändigini belledi. Türkmen diplomaty bu teklibi makullap, bu saparyň iki ýurduň arasyndaky parlament hyzmatdaşlygynyň mundna beýläk-de pugtalandyrmaga itergi berjekdigini mälim etdi.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri