SPORT

Aşgabatdaky dünýä çempionatyna 60-70 ýurtdan türgenler gatnaşar

Kuraş boýunça dünýä çempionatyny Aşgabat şäherinde geçirmek barada Ylalaşyga gol çekmek hem-de Halkara kuraş assosiasiýasynyň baýdagynyň gowşurylyş dabarasyna gatnaşmak üçin bu assosiasiýanyň prezidenti Haýder Farman we onuň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet paýtagtymyzda saparda boldular. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.

Halkara kuraş assosiasiýasynyň, Türkmenistanyň Kuraş göreş federasiýasynyň, şeýle hem Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylary 2023-nji ýylda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatyny Aşgabat şäherinde geçirmek barada Ylalaşyga gol çekdiler.

Dünýä çempionatynyň geçirilmegi bilen bagly meseleleriň ähli aýratynlyklaryny öz içine alýan Ylalaşyk ýaryşyň ýokary guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek bilen birlikde, bu ugurdaky işleriň ähli görnüşini düzgünleşdirýär.

Halkara kuraş assosiasiýasynyň prezidenti Haýder Farman “Türkmenistan” gazetine beren interwýusynda Aşgabatda bu iri sport ýaryşyna taýýarlyk işleriniň giň gerimde alnyp barylýandygynyň şaýady bolandyklaryny belledi.

Şeýle hem ol: “Nobatdaky dünýä çempionatyna 60 — 70 töweregi döwletden ussat türgenleriň gatnaşmagyna garaşylýar. Bu san artyp hem biler. Kuraş boýunça dünýä çempionaty diňe bir sport ýaryşy bolman, tejribäniň, şatlygyň hem-de ýaşlygyň ýaryşy bolar” – diýip belledi.

Ýene-de okaň

Azerbaýjanda “UFC Fight Night” ýaryşlary geçiriler

George Haji Rumyniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow 26-njy ýeňşini gazandy

“Bawariýa” 35-nji gezek Germaniýanyň çempiony boldy

«Real Sosýedad» 4-nji gezek Ispaniýanyň Şa Kubogyny gazandy

Messi Ispaniýanyň futbol klubynyň täze eýesi boldy