DÜNÝÄ

Makron saýlawlaryň birinji tapgyrynda ýeňiş gazandy

Fransiýada prezident saýlawlarynyň birinji tapgyry geçirildi. Deslapky netijelere görä, Fransiýanyň häzirki Prezidenti Emmanuel Makron birinji tapgyrynda ýeňiş gazandy.

“Euronews” teleýaýlymynyň habaryna görä, Emmanuel Makron sesleriň 28,1 göterim ses aldy. Onuň esasy bäsdeşi Marin Le Pen bolsa, sesleriň 23,3 göterimini aldy.

Şeýlelikde, saýlawlarda sesleriň 50 göterimini alan dalaşgär bolmandygy üçin saýlawlaryň 2-nji tapgyry 24-nji aprelde geçiriler.

24-nji aprelde geçiriljek saýlawlaryň ikinji tapgyrynda Makron bilen Marin Le Pen bäsleşer.

Şu gezekki saýlawlara 12 dalaşgär gatnaşdy. Saýlawlarda 2,1 göterim ses alan Pariž şäheriniň häkimi Ann Idalgo özüniň tarapdarlaryna ikinji tapgyrda Emmanuel Makrona ses bermäge çagyrdy.

2017-nji ýyldaky prezident saýlawlarynda hem Makron bilen Marin Le Pen bäsleşipdi we Makron ýeňiş gazandy.

 

Fransiýada prezident saýlawlary geçirilýär

 

Related posts

17-nji aprelde GDA-nyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler

Nikaragua Durnukly ulag ulgamynyň dostlary toparyna goşuldy

Milliarderleriň baýlygy 20 göterim ýokarlandy