Ata Watan YlhamyJEMGYÝET

Arkadag şäheri – Bagtyň şäheri

ARKADAG ŞÄHERI – YLHAM GÖZBAŞY

 

Arkadag şäheri – Bagtyň şäheri

 

Ene Ýere gülýakadyr, keşdedir,

Arkadag şäheri – Bagtyñ şäheri.

Bagty çüwen türkmen bagty keşt eder:

Arkadag şäheri – Bagtyñ şäheri.

 

Munda bir-birege dogan, aşnadyr,

Agzybir halk, kalpda Watan yşgydyr.

Saza girip aýdym bolan goşgudyr:

Arkadag şäheri – Bagtyñ şäheri.

 

Geçmişden, geljekden sünnä örülen,

Dünýe içre özi dünýä öwrülen.

Hak ýalkasa halkyň bagty gör neneň:

Arkadag şäheri – Bagtyñ şäheri.

 

Sanly bilim – tehnologiýa zolagy,

Kiberhowpsuzlygy, üpjün goragy.

Külterleýäs ösüşiň ak ýoluny:

Arkadag şäheri – bagtyň şäheri.

 

Arzuwlaryň hasyl bolýan ülkesi,

Bezär goýnun çagalaryň gülküsi.

Gadymy Ahalyň täze ülňüsi:

Arkadag şäheri – Bagtyñ şäheri.

 

Bedewleriň ganat kibi toýnagy,

Bezär bagşy, ozanlary toýlary.

Jennedi küýsemez mollatorgaýy:

Arkadag şäheri – Bagtyñ şäheri.

 

Medeniýet, sungat gül açýar munda,

Ylym-bilim bagty gulaçlar munda,

Toýumyz toýlara ulaşýar munda:

Arkadag şäheri – Bagtyñ şäheri.

 

Munda Arkadagyň halka yşky bar,

Asly nurdan halkyň ýalkanyşy bar.

Bak, täze eýýamyň Galkynyşy bar:

Arkadag şäheri – Bagtyñ şäheri.

 

“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” –

Ynamdan, ylhamly kalbymyz joşýar.

Bagtly nesil bagtly geljegi buşlar:

Arkadag şäheri – Bagtyñ şäheri.

 

 

Süleýman HAÝDAROW,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.

Ýene-de okaň

Astana şäherinde sürüjisiz taksi taslamasy 2026-njy ýylda işe giriziler

Türkmenistan 2026-njy ýyldaky sammitleriň gün tertibine suw meselesini girizmegi maksat edinýär

Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň okgunly ösüşine ýokary baha berdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Özbegistanyň Prezidentiniň telefon söhbetdeşligi

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Türkmenistanyň Prezidentine gutlagy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri