Hekaýa
Obamyz Ogullaň ketenisini gowy görýär, men bolsam ysyny. Dogry, obamyzda başga-da jana ýaramly yslar bar. Howalygyryň sagrysynyň ysy, Akmaýa janaweriň gäwüş gaýtarandaky ysy, sähralaryň ysy. Ýöne olaň ysyny keteniniň ysy bilen deňäp boljak ýeri ýok. Keteniniň bozgunç ysy düýbünden başga ys. Şeýle ysyň hemişe gelip durmagy üçin Ogullada az alada edenok. Ol sähralaryň ilkinji güli gülläp başlandan gyz sesi bilen şeý diýýär.
– Öwekge, bar ýene öňküň ýaly sähra güllerini ýolup gelsene.
Şeýle ýumşy men begenip edýärin. Hemem aýakýalaň ýaňy dürterip ugran ýylakdyr ýepelegi basgylap, garaýapbanyň, tekesakgalyň, çigildemiň gülüni gujagymy dolduryp Ogulla getirip berýärin. Ogullada o güllere begenip, ilk-ä tä demi gutarýança gülleri ýekän-ýekän ysgaşdyrýar. Soňam olary wawwasy bar ýaly edip, keteniniň petiniň arasynda goýýar. Şeýle etseň gülüň ähli ysy keteniniň süňňüne siňýär.
Onsoň ýene aý aýlanyp bahar gelerdi. Ýene sähralaryň ilkinji güli Ogullaň gursagynda gögererdi. Onsoň men ýene haýyş ediji mylaýym sözi eşiderdim.
– Öwekge jan, öňküňdenem kän getirsene…
Käte men bälçiräp oňa şeý diýýärdim.
– Güle gül nämä gerek, seň özüňem, keteniňem gülüň aňrybaşy…
Bu sözi men ýöne ýerden aýdamok. Sebäp Ogulla-da, ketenisem çyn güldi. O meniň ýeke oglan gözlerime däl, hemmeleriň gözüne şeýledi.
Ogulla ketenisini hemişe geýip ýörmezdi. Diňe toý-tomur bolanda geýerdi. Ana şojagaz pursadam adamlaryň gözüni dokundurardy. Ýogsam Gülsün eje: “Ýoknasyzyň gözi iläýmesin” diýip, Ogullaň ýüzüne gazanyň garasynam çalardy. Onda-da, adamyň zanny owadan bolsa, ol owadan bolar eken. Meniň gözüme gazanyň garasy oň owadanlygyna sähelçe-de zeper ýetirmän, gaýtam şol çalynmasa Ogulla beýle owadan bolmajak ýaly bolup görünýärdi. Onsoň oň şeýle sypaýy jemalyna garry eneler-ä şeý diýip, ýüzüne sylardy.
– Bize-de şeýle gelni Hudaý ýetirsin.
Ýaşullar bolsa, agyr başlaryny yrap şeýle pikir ederdi.
– Allajanlarym, ol garraýsa şu gelşikliligi saklanarmyka… Alla ajala sabyr berse, bizem ony görsedik.
Ogulla bolsa garyň aşagynda uzak wagtlap ýatan maýsanyň Günüň çoguna parlap galşy ýaly barha owadanlaşýardy. Ketensem egnine gelşik berýärdi.
Hawa, Ogulla şeýle gyzdy. Ol öz hiç wagt gaýtalanmajak jemaly bilen “Bir güllen bahar bolmaz” diýlen sözi ýalana çykaryp bilen gyzdy.
Şo döwürler obamyzda ketenini geýýän gyz seýrek bolardy. Sebäp keteniniň owadan bolşy ýaly bahajygam owadandy. Ogulla-da ketensi arzan düşmedi. Ol oň üçin kiçiräjik dokan halyçasyny berdi. Dogry, keteni tikýän oňa başdarakdyr allymgaç dokar ýaly garaly-gyzylly sapagam üstüne berdi. Ýöne onda-da, halyça halyça bolýar. Ýöne köz ýaly bolup duran ketenä ýüregi maýyl bolan Ogulla “Zer dök, gözel al” diýenlerini edip, satyn ally. Soňam ol onuň ýakasyny öz eli bilen bejerip sypaýy edibem tikindi. Keteniň öz reňkine meňzeş edil oň bagjygam ýerine düşdi weli, iki gapdaldan gaýdýan sary ýol hasam oňa gelşik berdi.
Sary ýol hakynda Gülsün ejäniň aýdýan bir sözi bar. Ol oňa “Köz keteniň sary ýoly” diýýär. Beýle diýmeginiň sebäbi, ilkinji ketenini dokan gelin ony sözen odunyňň yşkyna dokapdyr. Oduň bolsa aşagy gyzyl köz bolup, ýokarsam asmana sary ýalyn bolup gallygýarmyş. Bu boluş üýtgeşik owadanlygy döredensoň gelin şol owadanlyga maýyl bolup otyrka asmandan Akmaýanyň ýoly süýnüpdir. Onsoň gelinem pikir edipdir-de, janly tebigat gözelligi öz göwsünde özi döredýär. Ony hiç bir güýç bozup bilmeýär. Tebigatyň döreden gözelligi müdimilik bolup galýar. Şonuň üçin gelnem şol gözelligi ketenä siňdireýin diýip köz ýaly ketenä sary ýoly siňdiripdir. Şondan bärem oň ketenä ýaraşyk berip gelşi. Keteniniň ajaýyplygy onuň süňňüniň – bir gyrasynyň asamandan nusga edip alnandygy. Ol zenanlaryň garagülli guşagy ýaly uzalyp gidýär.
Joşgunly derýa ýaly durmuş dowam edýärdi. Dünýe hezildi. Şeýle hezillikli dünýede Ogullaňam, köz ýaly keteniniň barlygam ony hasam hezilleşdirdi.
Şeýle günleriň birinde Ogullalaň gapysyndan bir zenan adam gelli. Onuň ýüzi gamgyndy. Şeýle bagtyýar ýaşaýyşda bir adamynyň ýüzüniň gamgynlygyny görmek geňdi.
Ol gepläp bilmän ilki kän durdy. Soňam uýalybyrak şeýle diýdi.
– Men gaýraky Egin obadan gellim, oglumy öýerdim weli, gelni bilen kän ysnyşybermedi… Şonuň üçin bir haýyş bilen ýüz tutmaly bollum…
Ol şu sözleri sakynybrak, böltäp-böltäp aýdýardy. Şoň üçin Gülsün eje oň göwnüni götermek maksady bilen sypaýyçylyk etdi.
– Aýladogan, çekinmäň-de aýdyberiň, bizden bitýän zady oňardygymyzdan bitirjek bolarys.
– Aýytsam – diýip, ol ýene sakyndy, soňam ýuwaşja, ýöne düşnükli gürläp şeý diýdi.
– Gelnime geýdirer ýaly, Ogulla gyz ketenisini bäş-üç gün berip bilmezmikä?..
Men bermez öýütdüm. Sebäp ol ony özi geýmäge-de dözenokdy. Ýöne beýle bolmady. Ol döwtalap dillendi.
– Alyň, bäş-üç gün däl, tä gelniňizi gaýtarýançaňyz geýibersin…
Şondan soň uzak wagt geçmänkä obamyza buşlukçy habar ýaýrady. Muňa ýeke Ogulla däl, hemmeler begendi.
- Şol oglan gelni bilen allanämemiş.
- Gör keteniniň gudratyny…
- Öňem keteni geýeniň bagly bolmaýanlygy hakynda aýdylýardy.
Şondan soň Ogullaň ketenisiniň gadry hasam artdy. Men muňa hemmelerden beter begendim, sebäp keteni uly işi, onda-da, sogaply işi bitiripdi.
Ýöne işiň has ulusy öňdedi. Obaňda jahyl çykan oglan wagtynda öýlenmese-de, özüňi müýnli ýaly duýýaň. Eger boýy ýeten gyz maşgalaň wagtynda başy bogulmasa ol has erbedi. Sebäp olar dünýä ene bolmk üçin gelýäler. Ol şeýle hem bolaýmaly.
Obamyzyň Gytjasam şeýle arzuw bilen ýaşap ýör. Ýöne näme üçindir henize çenli bagty açylyberenok. Men muňa Gytjadanam beter kemsinýän. Ýöne elimden hiç zat gelmänsoň diňe oňa duýgydaşlyk edýän.
Gytja görmeksizirägem bolsa, sadadan türkana gyz. Ana şo türkanalygam ony köp zatdan galdyrýar. Özi ýaly ýeserje gyzlar, toý-beýleki bolsa Gytjany ýany bilen jora edinip alyp gidýär. Onsoň şeýtanlyrak oglanlaram Gytja kän üns bermän ýeserje jorasyna üns berýär. Soň näme bolýar – joras-a taýyny tapýar, Gytja görgüli bolsa, ýene umytda bolup ýaşaberýär.
Şonuň üçin men Gülsün ejä şu gün öz arzymy aýtmaga bardym. Ol meni görüp ýene ikilik alandyr, şonuň üçin mugallym käýýändir öýütdi. Sebäp men sapagyma goşagyrak ýetişýärdim. Şoň üçinem Gülsün ejäniň mekdebe barmaly bolýan gezekleri bolýardy.
– Näme, ýene ikilik allyňmy?
Men ýüzümi aşak salyp durşuma mydyrdadym.
– Ýok…
Gülsün eje ýüzüme çiňerildi.
– Onda näme?
– Ogulla ketenisini toýda geýmäge Gytja bermezmikä?
Düşnükli adama kän zat aýdyp oturmaly däl, ol seň ýarpy sözüňe düşünýär.
– Berer, näme bermän.
Ogullaň ketenisi Gytja azajyk giňiräk bolly. Ýöne keteni ketenidi. Hernäme bolanda-da, ol öz şuglasyny ýitirenokdy. Gytja muňa monça bolly. Ilk-ä amanat geýseň, endamyňa tiken çümýän ýaly bolýaram diýdi. Soň ýene saňa gowy gelişýär diýlensoň basym ümsümleşdi.
Şeýdip Gytja Ogullaň ketenisini geýip üç ýola toýa çykdy. Ýöne entek hyrydar göz bilen seredýän ýokdy. Men muňa birhili bolýardym. Hemem öz içimden jahyltak oglanlara käýinýärdim.
Şeýle günleriň birinde gaýraky gädikden eli saçakly iki sany aýal göründi. Olar meň çöpleme çöpläp ýören ýerime gelip sägindiler-de, habaryny aýtdylar.
– Jigi, biz gaýraky obadan, siziň obaňyza beletçiligimiz ýok. Biz ýitigimizi gözläp gellik. Oglum toýda keteni köýnekli bir gyzy görüpdir. Şolaň öýleri nirereräkdekä, şony soraýaly diýdik.
Meniň gursagym gürsülläp gitdi.
– Han-ha ho gapysyna ala sygyr daňylan öý şolaňkydyr…
***
Ondan bäri kän-kän ýyllar geçdi. Meniň alasarmyk başyma ýetmişinji ýylyň gary sepeledi. Bu gün men ýene oglan aýak yzlarymy, sähralary görmek üçin obama barýan.
Ogullada edil meniň garraýşym ýaly garrapdyr. Gözlerem gubarlaşan eken. Adamyň ýaşy ýokaryk gitdigiçe ol gowy günlerini ýatlar eken. Biz geçen günleri ýatlap kän oturdyk. Ogulla şo günleriň şaýady bolan suratlaryny döküşdirdi. Soňam ol bir suraty alyp şeý diýdi.
- Öweke, şu suratda men haýsy köýnekde?
- Keteniňde…
Ogulla bir wagtky gyz begenji bilen begendi. Öýüň içine-de keteniniň bozgunç ysy ýaýran ýaly bolly…
Öwezmyrat ÝERBENDI.