DÜNÝÄ

Türkiýe bilen BAE 50 milliardlyk ylalaşyk baglaşdy

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan birbada arap ýurtlarynyň 3-sinde – Saud Arabystanyda, Katarda we Birleşen Arap Emirliklerinde saparda boldy. Saparyň çäklerinde ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da ösdürmäge degişli ylalaşyklaryň köp sanlysyna gol çekildi.

Diňe Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň arasynda geçirilen gepleşikleriň jemleri hem-de bu saparyň dowamynda gurnalan duşuşyklaryň netijesi boýunça 50.7 milliard dollarlyk ylalaşyklara gol çekildi.

Baglaşylan ylalaşyklar Türkiýe bilen BAE-niň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy has ýokary sepgitlere ýetirer.

Şu ýylyň martynda Türkiýe bilen BAE-niň arasynda erkin söwda ylalaşygyna gol çekilip, bu resminama laýyklykda ikitaraplaýyn söwdanyň möçberini 5 ýylda 40 milliard dollara ýetirmek maksat edinildi.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bu saparynyň çäklerinde Tükriýäniň milli önümi bolan TOGG kysymly elektrikli awtoulagy hem mahabatlandyrdy. Türkiýäniň Prezidenti BAE-li kärdeşi Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana hem-de Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer şazadasy Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Sauda TOGG kysymly elektrikli awtoulagy sowgat berdi.

Mälim bolşy ýaly, ozal Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan TOGG kysymly elektrikli awtoulagyny Türkmenistanyň Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine hem sowgat edipdi.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri