JEMGYÝET

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi

Paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Maslahatlar merkezinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramyna hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň wajyp meselelerini öz içine alýan maslahata Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň, döwlet, häkimiýet, jemgyýetçilik edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Munuň özi Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilýän döwletli tutumlaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine toplumlaýyn esasda çemeleşilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde garaljak meseleler ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşi bilen bir hatarda, halkymyzyň abadan durmuşynyň ýokary derejesini öz içine alýar. Bu bolsa “Döwlet adam üçindir!” diýen asylly şygary baş ýörelge edinýän we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär.

Ir bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň geçirilýän ýerine geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz mähirli garşylanyldy.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi öz işine başlady. Onda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň taryhy çykyşy diňlenildi.

Gahryman Arkadagymyz däp bolşy ýaly, her ýyl agzybir halkymyzyň Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň baş baýramyny aýratyn buýsanç bilen garşy alýandygyny belledi. Çünki bu sene Garaşsyz ýurdumyz hem-de agzybir halkymyz üçin aýratyn ähmiýetli, buýsançly, biziň her birimizi täze, has belent maksatlara galkyndyrýan şanly wakadyr. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmek bilen, bu mejlisde döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň, ýerine ýetirilen işleriň jemini jemläris, şeýle hem häzirki talaplardan, täze ykdysady şertlerden ugur alyp, täze taryhy döwürde öňümizde durýan möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşarys diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi.

Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny esasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek, onuň geçiriljek senesini kesgitlemek hem-de düzümini tassyklamak, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlary tarapyndan teklip edilýän jemgyýetçilik wekillerini hödürlemegiň Tertibini tassyklamak hakynda degişli resminamalaryň kabul ediljekdigini belledi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ikinji ýylynyň şöhratly wakalara örän baý bolandygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz 2023-nji ýylyň başyndan bäri geçen döwürde täze döwrüň möhüm wezipelerinden ugur alnyp, ähli tagallalaryň döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň depginli ösüşiniň üpjün edilmegine gönükdirilendigini aýtdy. Şunda halk häkimiýetliligini berkitmek, milli demokratik institutlary ösdürmek boýunça taryhy işler durmuşa geçirildi. 2023-nji ýylyň ýanwarynda döwletlilik, kanunylyk we milli demokratik ýörelgelere esaslanmak bilen, şöhratly ata-babalarymyzyň ýoluny dowam etdirip, Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi.

Täze özgertmeleriň yglan edilmegi bilen, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilendigini belläp, Gahryman Arkadagymyz döwletiň wekilçilikli häkimiýet edaralarynyň işiniň özgerdilendigine we döwrebaplaşdyrylandygyna ünsi çekdi. Bu işler kanun esasynda, «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunyny kabul etmek arkaly ýola goýuldy. Mart aýynda geçirilen saýlawlaryň ýylyň möhüm syýasy-jemgyýetçilik wakasyna öwrülendigini, saýlawlaryň bäsdeşlik, açyklyk, aýanlyk, ýokary raýat işjeňligi esasynda geçirilendigini aýdyp, Milli Liderimiz bu işleriň döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ýokary derejede ösdürmäge, şeýlelikde, işleri dolandyrmagyň, kanunçylyk-hukuk üpjünçiliginiň, häkimiýet edaralarynyň guramaçylyk esaslarynyň netijeli, täzeçil, çeýe we kämil gurallaryny kemala getirmäge gönükdirilendigini belledi.

Ýurdumyzyň depginli ösüşini üpjün etmek üçin «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilip başlandy. Täze şäherdir obalarymyzyň gurluşyklaryny ýokary depginde dowam etdirdik diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi. Ýurdumyzy ösdürmegiň maksatnamalarynda durmuş syýasatyna aýratyn orun degişlidigini belläp, Gahryman Arkadagymyz saglyk, bilim, sport, medeniýet ulgamlaryny ösdürmegiň, iş ýerlerini döretmegiň, ilatyň gazanç etmegi üçin beýleki şertleri üpjün etmegiň, köp çagaly maşgalalara we döwletiň kömegine mätäçlere hemaýat bermegiň döwlet syýasatynyň wajyp ugurlarynyň biridigine ünsi çekdi.

Täze obalar we şäherler gülläp ösüşiň ajaýyp subutnamalary bolup durýar. 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda Arkadag şäheriniň birinji tapgyry açyldy. Arkadag şäheri geljegiň şäheri bolup, Türkmenistanda adam hakyndaky aladanyň esasy orunda durýandygy, ýaşaýyş üçin iň amatly gurşawyň döredilýändigi bilen ähmiýetlidir. Şeýle hem bu taslama ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady, maliýe we maýa goýum kuwwatyny görkezýän taslamadyr diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi. Şunda döwlet ähmiýetli meseleleri çözmek, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegine halk köpçüligini giňden çekmek, teklipleri işläp taýýarlamak, halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, jebisligini, asudalygyny, abadançylygyny berkitmäge hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ösmegine, has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipeleridir.

Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Mejlisiň deputatlary, ýurdumyzyň Hökümeti bilen agzybirlikde we jebis gatnaşykda, şeýle hem wakalaryň jümmüşinde bolup, döwrüň öňe sürýän möhüm meselelerine öz wagtynda seslenmegiň, teklipleri işläp taýýarlamagynyň wajypdygyna ünsi çekdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly işleriň çäginde milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň ykdysady we maliýe görkezijileriniň içgin seljerilmelidigini belläp, Milli Liderimiz bu babatda aýratyn möhüm hasaplanýan alty ugur barada aýtdy.

Birinjiden, geljekde bazar gatnaşyklaryna esaslanýan döwlet-hususy hyzmatdaşlygy ösdürmek, paýdarlar jemgyýetlerini döretmek, gymmat bahaly kagyzlaryň bazaryny, gazna biržasynyň işini kämilleşdirmek, hususy pudagyň işjeňligini has-da artdyrmak, maýadarlaryň töwekgelçiliklerini peseltmek üçin olara goşmaça kepillikler bermek ýaly möhüm ugurlara degişli alnyp barylýan işleriň täzeden seljerilmelidigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň maýa goýum, migrasiýa syýasaty, milli manadymyzyň hümmetini durnukly saklamak, pul dolanyşygy we walýuta düzgünleşdirmesi hem-de beýleki birnäçe meseleler boýunça teklipleri taýýarlamagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Ikinjiden, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň geriminiň barha giňeýändigini nazara alyp, bilim bermegiň, hünärmenleri taýýarlamagyň, hünär derejelerini ýokarlandyrmagyň täze usullaryny we tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, geljekde has köp talap ediljek hünärler boýunça taýýarlygy giňden alyp barmagyň meselelerine garalmalydyr.

Üçünjiden, döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň örän möhüm, ileri tutulýan ugry bolan saglygy goraýyş we derman senagaty pudagyny ösdürmek, iýmit önümleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek, bejeriş we öňüni alyş işleriniň, derman serişdeleriniň ýokary hilli bolmagyna, howpsuzlygyna hem-de netijeliligine gönükdirilen gözegçilik boýunça alnyp barylýan işler dowam etdirilmelidir diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

Dördünjiden, senagat pudaklaryny, hususan-da, nebitgaz, himiýa, gurluşyk, energetika, dokma pudaklaryny innowasiýalar arkaly ösdürmek we döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda alnyp barylýan toplumlaýyn işleriň çäklerinde ýüze çykýan gatnaşyklaryň, şol sanda bu pudaklaryň işine degişli standartlaryň, maýa goýum, hukuk, ykdysady gurşawyň kämil bolmagyna gönükdirilen işler boýunça teklipler taýýarlanylmalydyr.

Bäşinjiden, oba hojalyk toplumyny ösdürmek, şol sanda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, gaýtadan işleýän kärhanalary döwrebaplaşdyrmak we galyndysyz tehnologiýalary ornaşdyrmak, azyk önümlerini saklamak bilen bagly ulgamy giňeltmek, oba hojalyk senagatynda emläk gatnaşyklaryny kämilleşdirmek, eksport ugurly önümçilikleriň döredilmegini dowam etdirmek, oba ýerleriniň durmuş taýdan özgerişini çaltlandyrmak zerurlygynyň ýüze çykýandygyny aýdyp, Gahryman Arkadagymyz bu pudagyň işini netijeli dolandyrmagyň, dürli guramaçylyk-hukuk görnüşli önüm öndüriji hojalyklaryň mümkinçiliklerini artdyrmagyň, tohumçylyk, ýer, suw meseleleri boýunça teklipleriň taýýarlanmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi.

Altynjydan, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň tutuş dünýäde parahatçylygyň, asudalygyň höküm sürýän ýurdy, çalt depginde özgerýän hem-de ösýän döwlet hökmünde giňden tanalýandygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz daşary ýurt döwletleri we halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli alyp barmak, tejribeleri öwrenmek, olary giňden ornaşdyrmak boýunça teklipleriň üstünde iş alyp barmagyň zerurdygyny belledi. Şu we beýleki pudaklara, döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň wajyp ugurlaryna degişli meseleler boýunça geçirilen işleriň netijeleri boýunça hormatly Prezidentimize degişli hasabatlarydyr maglumatlary bermek, ol maglumatlary seljermek bilen, geljekki ösüşlerimizi üpjün etmek üçin wajyp teklipleri işläp taýýarlamak, degişli çözgütleriň kabul edilmegini gazanmak biziň esasy wezipelerimiziň biri bolup durýar diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi.

Milli Liderimiz ýurdumyzy ösdürmegiň söwda-ykdysady, senagat, önümçilik, dolandyryş, kanunçylyk-hukuk, hyzmat ediş we medeni-durmuş ugurlarynda gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler baradaky maglumatlary hem-de geljek üçin mümkinçilikleri açýan beýleki habarlary, ol maglumatlar esasynda teklipleri, garaýyşlary gysga wagtda işläp taýýarlamalydygyny belläp, «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň 19-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň guramaçylyk topary bilen bilelikde alyp barmaly işleriniň möhüm ugurlaryny kesgitledi.

Şunda, birinjiden, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzalary, deputatlar, syýasy we jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, alymlar, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görülýän döwürde we mejlisiň jemleri boýunça Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmeginiň hem-de alyp barýan işleriniň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti barada täsirli wagyz-nesihat çärelerini, çykyşlary, duşuşyklary giňden ýaýbaňlandyrmalydyr.

Ikinjiden, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek boýunça işler guramaçylyk topary bilen bilelikde meýilnama esasynda alnyp barylmalydyr.

Üçünjiden, mejlisiň gün tertibine giriziljek meseleleri we resminamalaryň taslamalaryny guramaçylyk toparynyň ýygnaklarynda deslapdan ara alyp maslahatlaşmagy guramak zerurdyr.

Dördünjiden, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek boýunça welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň halk maslahatlarynyň işine guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk edilmelidir.

Bäşinjiden, raýatlardan gelip gowşan tekliplere we beýleki ýüztutmalara garamak, hasaba almak, olary umumylaşdyrmak boýunça degişli işler alnyp barylmalydyr.

Altynjydan, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmegiň maksatnamasy taýýarlanylmalydyr.

Ýedinjiden, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işini köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan etmek bilen bagly zerur maglumatlar taýýarlanylmalydyr.

Sekizinjiden, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek boýunça guramaçylyk işlerini Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimlikleri, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde utgaşdyrmak bilen alyp barmalydyr.

Dokuzynjydan, hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryna laýyklykda, Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň durmuşynyň syýasy, ykdysady, medeni ugurlarynda ýokary zähmet üstünliklerini gazanan, halk arasynda uly abraýdan we sylagdan peýdalanýan ildeşlerimizi döwlet sylaglary bilen sylaglamak we hormatly atlary dakmak boýunça hem alyp barýan işlerimizi guramaçylykly ýerine ýetirmelidir diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we mynasyp adamlary hödürlemek hem-de bu işleri resmileşdirmek boýunça işleri öz wagtynda talabalaýyk ýerine ýetirmegi tabşyrdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanynda Ýaşulular geňeşiniň döredilendigini aýdyp, Milli Liderimiz ýaşulularyň bu ugurda alnyp barylýan işlere doly girişip, olaryň birnäçe asylly, döwletli işleri alyp barýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Mundan beýläk hem ýaş nesilleriň aladasy edilip, olar goldaw-hemaýat bilen gurşalar we çagalaryň bähbitlerinden ugur alnyp, asylly işler döwlet derejesinde dowam etdiriler. Şunda hormatly ýaşulularymyzyň türkmeniň asyl ýörelgelerine esaslanýan garaýyşlaryna, alyp barýan işlerine ýokary baha berýäris. Şol maksatlar bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşini döretmek barada netijä geldik diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi.

Şu günki mejlise geňeşiň agzalarynyň çagyrylandygyny, olaryň Türkmenistanyň Halk Maslahatyna taýýarlyk görmek boýunça teklipleri taýýarlandyklaryny belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri geňeşiň agzalarynyň Arkadag şäheri we ol ýerde gurlan çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň işi bilen içgin tanyşmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek boýunça ilkinji nobatda ýerine ýetirilmeli işler barada çykyş etmek üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy K.Babaýewe söz berdi.

Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy häzirki döwürde “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer ýörelgäni esasy ugur edinýän döwlet syýasaty netijesinde, adamlaryň döwrebap ýaşaýşy, öndürijilikli zähmeti üçin amatly şertleriň döredilendigini belläp, şunda ýurdumyzyň syýasy-hukuk, guramaçylyk we dolandyryş mümkinçilikleriniň döwrüň talabyna laýyk derejede ösdürilendigini nygtady. Şeýle hem ol Gahryman Arkadagymyzyň parasatly pikirlerini özünde jemleýän “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitabynda ata-babalarymyzyň şöhratly ýoluny dowam etdirip, sahawatly türkmen topragynda nurana arzuwlaryň amala aşýandygy, bagtyýar geljegiň gurulýandygy baradaky pikirleriň halkymyz, aýratyn-da, ýaş nesiller üçin ähmiýetlidigini belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlygyň çäklerinde guramaçylyk topary bilen bilelikde utgaşykly işleri ýola goýup, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda degişli düzümler bilen ähli zerur tagallalaryň ediljekdigini nygtap, K.Babaýew şunda degişli seljermeleri, teklipleri taýýarlamak we mejlisiň gün tertibini, onda kabul ediljek resminamalaryň taslamalaryny tassyklamak boýunça degişli çäreleriň, duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny habar berdi.

Gahryman Arkadagymyz çykyşy diňläp, häzirki döwürde ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigini aýratyn belledi. Şunda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň agzalarynyň dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşasalar-da, Garaşsyz Türkmenistanyň gazananlaryny halkara derejede wagyz edýändiklerini, dürli ugurlardaky dostlukly hyzmatdaşlygy ösdürmäge öz mynasyp goşantlaryny goşýandyklaryny hem-de her ýylyň sentýabr aýynda Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli birleşigiň maslahatlaryny geçirip, alyp baran işleriniň jemini jemleýändiklerini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Arkadagymyz bu guramanyň alyp barýan işleri hem-de birleşigiň maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat bermek üçin Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň orunbasary R.Bazarowa söz berdi.

R.Bazarow çykyşynyň başynda ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesine esaslanýan daşary syýasatynyň we öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň dünýä derejesinde giňden ykrar edilýändigini nygtady. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilmegine möhüm ornuň degişlidigi bellenildi. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli goldawy netijesinde, türkmen halkynyň döreden nusgalyk däp-dessurlary, şöhratly taryhy, beýik medeniýeti dünýä ýüzünde giňden wagyz edilýär. Bu işler Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda has-da rowaçlanýar. Şunda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi tarapyndan degişli işleriň alnyp barylýandygyny bellemek gerek.

Dünýä türkmenleriniň agzalary tarapyndan türkmen halkynyň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dürli ýurtlarda medeni çäreleriň geçirilýändigi nygtaldy. Şol bir wagtyň özünde Özbegistanda, Täjigistanda we Eýran Yslam Respublikasynda hut şu ugra degişli medeni-ynsanperwer çäreler guraldy. Şeýle hem häzirki wagtda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahatynyň gün tertibiniň taýýarlanylýandygyny, ýörite meýilnama laýyklykda, daşary ýurtly wekilleriň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramy mynasybetli guraljak medeni çärelere gatnaşmagy bilen baglanyşykly meseleleriň işjeň öwrenilýändigini we olar boýunça zerur tagallalaryň edilýändigini nygtap, R.Bazarow hasabatyny jemledi.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol öz çykyşynda şu gün türkmen halkynyň Milli Lideriniň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň taryhy ähmiýetli giňişleýin mejlisini geçirýändigini belledi. R.Meredow bu mejlise gatnaşmagyň hormatdygyny we uly jogapkärçilikdigini aýratyn nygtady.

Ol Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli geçirýän mejlisinde wajyp meselelere seredendigini bellemek bilen, strategik maksatlary öňe sürendigini aýtdy. Häzirki wagtda BMG tarapyndan iki gezek ykrar edilen Bitarap döwletimiz dünýä ýüzünde uly abraý-mertebä eýe bolup, birnäçe döwletler bilen ýokary derejede, işjeň halkara hyzmatdaşlygy alyp barýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýä ýüzündäki döwletli tutumlaryny Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyz mynasyp dowam etdirmek bilen, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny hem-de mukaddes Garaşsyzlygyny barha pugtalandyrýar.

Daşary işler ministri R.Meredow Prezidiumyň mejlisinde Milli Liderimiziň aýry-aýry pudaklara uly üns berendigini, şol sanda bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, ulag we beýleki ulgamlar boýunça möhüm wezipeleri kesgitländigini belledi. Bu maksatlar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini barha ösdürer diýip, daşary işler ministri ýurdumyzda alnyp barylýan taryhy işlere, Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, ýedi ýaşdan ýetmiş ýaşly raýatlaryň gatnaşýandyklaryny aýtdy. Bu jebisligiň, agzybirligiň, bitewüligiň nyşanydyr.

Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy sözüniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň örän oýlanyşykly çözgütleriniň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek boýunça işlere şu günden başlap ýokary derejede, guramaçylykly girişiljekdigine ynandyrdy.

Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda halkymyzyň ýurdumyzda gazanylýan üstünliklere buýsanyp, döwletimiziň beýik geljegine uly ynam bilen garap, jebislikde, agzybirlikde zähmet çekýändigini bellemek bilen, Mejlisiň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ata-babalarymyzyň ýurdy dolandyrmak meselelerinde toplan baý taryhy tejribesini, milli aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýetimiziň agzybirligini, jebisligini berkitmek, döwlet ähmiýetli meselelere ilatyň ähli gatlaklarynyň wekillerini giňden çekmek arkaly maslahatlaşyp çözmek baradaky başlangyçlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini uly buýsanç bilen nygtady.

Şeýle-de ol Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde Milli Liderimiziň il içinde abraýdan peýdalanýan, öz halal zähmeti bilen ýokary zähmet üstünliklerini gazanan watandaşlarymyzy döwlet sylaglaryna hödürlemek, hormatly atlary dakmak boýunça degişli işleri geçirmekde öňde durýan wezipeleri kesgitländigini belläp, bu işleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün ediljekdigini aýtdy.

Mejlisiň Başlygy hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň 2023-nji ýylyň alty aýynyň jemlerine bagyşlanan giňişleýin mejlisinde beren tabşyryklaryndan hem-de şu günki mejlisde Gahryman Arkadagymyzyň öňde goýan wezipelerinden ugur alyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk işlerini meýilnama esasynda alyp barmak, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň halk maslahatlarynyň işine guramaçylyk-usulyýet taýdan kömek bermek hem-de beýleki guramaçylyk işlerini durmuşa geçirmek boýunça degişli işleriň alnyp baryljakdygyna ynandyryp, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza berk jan saglyk, tutumly işlerinde uly üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw etdi.

Soňra mejlis Aşgabat şäher halk maslahatynyň başlygy, Hormatly il ýaşulusy G.Ataýewiň çykyşy bilen dowam etdi. Ol Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň başynda Gahryman Arkadagymyzyň döwlet ähmiýetli mejlisi geçirip, taryhy söz sözlemek bilen, möhüm ähmiýetli wezipeleri kesgitländigini belledi. Şol wezipelerden ugur alyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzalary halkyň arasynda bolup, wagyz-nesihat işlerini geçirdiler we şunda uly mümkinçilikleriň döredilendigi üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize özleriniň hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Sözüniň ahyrynda G.Ataýew şu ýylyň 29-njy iýunynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Arkadag şäheriniň açylmagy bilen Gahryman Arkadagymyzy hem-de Arkadagly Serdarymyzy gutlady. Şeýle-de ol alym Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly ajaýyp kitabynyň toý gününde halkymyza uly sowgat bolandygyny belläp, täze eseriň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdi.

Gahryman Arkadagymyz çykyşlar üçin minnetdarlyk bildirip, öňde boljak şanly seneler mynasybetli geçiriljek çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi babatda degişli düzümleriň sazlaşykly işleriniň ýola goýulmalydygyny belledi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňünde ýurdumyzy ösdürmek boýunça geljekde-de uly wezipeleriň durýandygyny belläp, Halk Maslahatynyň Mejlis, Türkmenistanyň Hökümeti, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikdäki netijeli işleri dowam etdirip, Diýarymyzda alnyp barylýan özgertmeler syýasatyny has-da çuňlaşdyrmak bilen, Watanymyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça maksada okgunly işleri alyp barmalydygyny aýtdy.

Halk Maslahatynyň we beýleki wekilçilikli edaralaryň öňünde durýan wezipeleriň şu ýylyň aprelinde geçirilen mejlisde kesgitlenendigini belläp, Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek, jemgyýetimizi yzygiderli demokratiýalaşdyrmak boýunça kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatyň gündelik zerurlyklaryny we isleglerini kanagatlandyrmak babatda netijeli işleri alyp barmagyň esasy wezipeler hökmünde kesgitlenendigini aýtdy.

Biz geljekde-de, dürli ugurlarda alyp barýan özgertmeler syýasatymyzy üstünlikli dowam etdirmek üçin teklipleriň üstünde işlemeli. Şunda iň esasy maksat ýurdumyzyň ähli ilatynyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmek, her bir adam üçin amatly ýaşaýyş gurşawyny döretmek bolup durýar diýip, Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisini jemledi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we ony ýokary guramaçylykly geçirmek hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi, onuň geçiriljek senesi we ýeri kesgitlendi, şeýle hem mejlisi ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek bilen, onuň düzümi, şonuň ýaly-da, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlary tarapyndan teklip edilýän jemgyýetçilik wekillerini hödürlemegiň Tertibi tassyklanyldy.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň Düzgünnamasyny hem-de onuň düzümini tassyklamak hakynda Karara gol çekdi.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary guramaçylykly geçirmek bilen bagly işlere resmi taýdan badalga berildi. Gahryman Arkadagymyz bu wajyp syýasy-jemgyýetçilik çäräniň üstünlikli geçirilmegine degişli düzümleriň mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynam bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hemmelere alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ýene-de okaň

Emeli Intellekt: Magtymguly Pyragy Garward, Oksford, Kembrij derejesinde bilim alypdyr

Ata Watan Eserleri

BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili bilen duşuşyk

Ata Watan Eserleri

Duşenbe şäherinde türkmen-täjik syýasy geňeşmeler geçirildi

Türkmen kinosy Germaniýada görkezildi

Bosniýa we Gersegowina Türkmenistana täze ilçi belledi

Kenan Çoban: türkmen myhmansöýerligine minnetdarys