MEDENIÝET

Meşhur kompozitora bagyşlanan konsert

Şu günler ýurdumyzyň çar künjeginde ХХ asyryň beýik kompozitory Nury Halmämmedowyň 85 ýyllyk ýubileýine bagyşlanyp, dürli medeni çäreler hem-de konsertler guralýar. Ine, şeýle konsertleriň biri hem Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynda geçirildi. Bu medeni-döredijilik çäresi hem türkmen sazyny dünýä derejesine çykaran türkmen kompozitory Nury Halmämmedowa bagyşlandy.

Türkmen halkynyň meşhur ogly, ajaýyp kompozitor, seýrek we gaýtalanmajak ukyply bu meşhur kompozitoryň döreden saz eserleri elmydama halka ýakynlygy bilen aýratyn tapawutlanypdyr. Gahryman Arkadagymyz  meşhur kompozitor hakynda: «  … Nury Halmämmedow hem türkmen sungatyna müdimi ýadygärlik galdyrdy. Nury Halmämmedow çaksyz zehinli milletiň ruhy taýdan belentligini saz bilen dünýä çykardy. Şeýdibem özüne-de, halkymyza-da adamzat gymmatlygyndan miras goýdy. Ol biziň milli sungatymyzy şöhratlandyrdy» diýip, belläp geçýär.

Bu konsert maksatnamasy Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynyň fortepiano kafedrasynyň mugallymy hem-de kompozitory Şemşat Amannepesowanyň ýekelikde meşhur kompozitoryň nusgawy sazlaryny ýerine ýetirilmegi bilen amala aşdy. Oňa Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynyň mugallymlarydyr talyp ýaşlary, ýurdumyzyň beýleki ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, Nury Halmämmedowyň jadyly sazlarynyň muşdaklary hem-de aýdym-saza teşne bolan sungat söýüjiler gatnaşdy.

Zehinli kompozitorlaryň biri bolan Şemşat Amannepesowa konsert maksatnamasynyň çäklerinde Nury Halmämmedowyň meşhur türkmen sazandasy Mylly Täçmyradowa bagyşlap döreden “Dutaryň owazy” bilen bir hatarda “Elegiki prelýudiýa we fuga”, “Ballada”, “2-prelýudiýa” sazlary hem-de kinofilmlerden parçalary ýerine ýetirdi.

Şeýle hem Şemşat Amannepesowa “Derýanyň kenarynda”, “Halyçy Bibi”, “Maraljan” ýaly saz eserlerini wokal we fortepiano üçin geçirip, ilkinji gezek bu konsertde öz muşdaklaryna hem-de sungat söýüjilere ýetirdi.

Şu ýerde ýene-de bellemeli zatlaryň biri hem, Şemşat mugallym türkmen halkynyň meşhur kompozitory, birnäçe halkara baýraklarynyň eýesi Nury Halmämmedowa bagyşlap, “Bagyşlama”, “Prelýuda” ýaly eserleriniň üstünde täzeden işläp, olary hem ýerine ýetirmegi konserte gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

 

Ýene-de okaň

Dünýäniň iň kiçi aty rekordlar kitabyna girizildi

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinosy «Göwher kebelek» kino baýragyna mynasyp boldy

Täze tapylan taryhy gymmatlyklar ýurdumyzyň muzeýlerine tabşyryldy

Meksikanyň wekili “Älem gözeli-2025” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Ata Watan Eserleri

17-nji noýabr – Bütindünýä baklawa güni

Saragt Babaýewe Türki dünýäniň Çeperçilik sungatlary akademiýasynyň akademigi diýen hormatly at dakyldy