MEDENIÝET

Kann kinofestiwaly yza süýşürildi

Kann kinofestiwalynyň geçirilmeli wagty bahar paslyndan tomus paslyna süýşürildi. Guramaçylaryň aýtmagyna görä, 6-17-nji iýulda geçiriler. Ilkibaşda bu festiwaly ozalkylary ýaly 11-12-nji maýda geçirmek göz öňünde tutulýardy.

– Geçen güýzde habar berşimiz ýaly, Kann film festiwaly dünýädäki epidemiologik ýagdaýa baglylykda geçiriljek senesini üýtgetmek mümkinçiligini aradan aýyrmady. Şeýlelik bilen,  Kann festiwaly 2021-nji ýylyň 11-nji maýyndan 22-nji maýyna çenli göz öňünde tutulan döwürde däl-de, 6-njy iýuldan 17-nji iýul aralygynda bolar – diýip, beýanatda bellenilip geçildi.

2020-nji ýylda pandemiýa sebäpli meşhur festiwal ýatyryldy. Festiwalda meýilleşdirilen filmiň käbiri beýleki festiwallarda we kinoteatrlarda ekranlaşdyryldy. Wirusa garşy çäreleri berk berjaý etmek bilen 2020-nji ýylda Berlinde we Wenesiýada film festiwallary geçirildi.

 

Umumy Sahypamyz

Siz bu sahypada gündelik syýasata degişli habarlary okap bilersiňiz!

 

Related posts

Kino äleminde ösesiňiz gelýärmi?

Aşgabatda meşhur hindi filmleri görkeziler

Şa aýaly Ýelizaweta tagtynyň mirasdüşerini yglan etdi

Ata Watan Eserleri