MEDENIÝET

Pakistan Türkmenistan bilen kino önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär

Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow Pakistanyň milli miras we medeniýet boýunça federal ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Jamal Şah bilen duşuşdy. Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklary aýratyn üns berildi.

Taraplar medeni miras ulgamyndaky dialogyň berkidilmegine ygrarlyk bolup galýandyklaryny belläp, dürli ugurlarda gatnaşyklaryň giňeldilmegi babatda ylalaşdylar.

Jamal Şah sungatyň dürli ugurlarynda hyzmatlyk etmek üçin mümkinçilikleriň bardygyny belläp, bilelikde kino önümçiligini ýola goýmagy teklip etdi. Munuň iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň ýakynlaşmagynda täsirli gural boljakdygyny belledi.

Şeýle hem ol Merkezi Aziýa döwletlerini Hytaý-Pakistan ykdysady geçelgesi boýunça medeni kerweniň ikinji tapgyryna gatnaşmak babatda ýörite çakylygyň göz öňünde tutulýandyny mälim etdi.

Türkmen ilçisi we ministr özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda medeni alyş-çalşygy babatda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek babatda ylalaşdylar.

Ýene-de okaň

Ýaşyl geljege ynamly ädim: Paýtagtymyzda eko-festiwal geçirildi

Aşgabatdaky Eýranyň Medeniýet merkezinde çeperçilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

Ata Watan Eserleri

Türkmen saz sungatyna III halkara mukam forumynda ýokary baha berildi

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Özbegistandaky dabaralara gatnaşdy

Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler

Türkmen wekiliýeti “Merkezi Aziýa+” kino forumyna gatnaşdy