BILIM

Ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglandy

Şu gün Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda yglan eden ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

Ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli yglan edilen ylmy bäsleşige Türkmenistanyň ylmy-barlag institutlarynyň, pudaklaýyn edaralaryň we önümçilik birleşikleriniň işgärleri, ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary, şeýle-de ylmy işe höwesli dürli hünärdäki ýaşlar gatnaşdylar.

Bäsleşik nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika, biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika, maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary, häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary, innowasion ykdysadyýet, ynsanperwer ylymlar ýaly, ylymda öňe sürülýän ugurlar boýunça geçirildi.

Bäsleşige köp sanly gatnaşyjylaryň arasyndan 67-si ýeňiji boldy. Ýeňijilere Hormat hatlary, şeýle-de hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Ýeňiji bolan ýaş alymlary sylaglamak dabarasy bilen utgaşyklykda, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň foýesinde ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň, şeýle-de orta mekdepleriň okuwçylarynyň taýýarlan ylmy-taslama işleriniň sergisi hem guraldy.

Ýene-de okaň

Aşgabatda III Halkara matematika olimpiadasy geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkiýede uçarman ugry boýunça okajak türkmen ýaşlarynyň dykgatyna!!!

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekilleri Hindistanda halkara bilim maksatnamasyna gatnaşýarlar

Türkmen-hytaý energetika okuw merkezi döredildi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 2026-njy ýyl üçin diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Ata Watan Eserleri

TOHU-da «Döwrebap ykdysadyýetçi üçin diplom ýeterlikmi?» atly açyk sapak geçirildi