Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň her güni, her aýy türkmen halky üçin ýatdagalyjy wakalara beslenýär. Ynha, bu gün bolsa ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda nobatdaky okuw ýyly tamamlanýar we şu mynasybetli «Soňky jaň» dabaralary geçirilýär. Mekdep mugallymlarynyň, okuwçy ýaşlaryň we olaryň ene-atalarynyň gatnaşmaklarynda giňden bellenilýän şanly senäniň Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanan toý-dabaralar bilen utgaşmagy onuň gadyr-gymmatyny has-da artdyrýar.
Gahryman Arkadagymyzyň ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň hilini düýpli gowulandyrmaga, ony dünýä ülňülerine laýyk getirmäge uly ähmiýet berilýär. Bu gün ýurdumyzyň etrapdyr şäherlerinde okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli geçirilýän «Soňky jaň» dabaralary uly ruhubelentlige, şatlyk-şowhuna beslenýär. Dabaralarda mekdep mugallymlaryna, okuwçy ýaşlara täze okuw ýylynda-da rowaçlyklar arzuw edilýär. Bilimli, sowatly, päk ahlakly ýaşlar ýurdumyzyň geljegidir.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, bagtyýar durmuşymyz hem-de beýik geljegimiz üçin bilimli-ylymly, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak ugrunda döwletimiz tarapyndan hemişe alada edilýär. Şol aladalaryň netijesinde bolsa, ýaşlarymyz özleriniň göwün söýen kärleriniň eýeleri bolýarlar.
Ýurdumyzda «Soňky jaň» dabarasynyň Aşgabat şäheriniň güni bilen ugurdaş bellenilmegi hem çuňňur many-mazmuna eýedir. Çünki Aşgabat baky juwanlygyň, ýaşlygyň we geljegiň şäheridir. Onuň gül goýnunda bagtyýar durmuşda ýaşaýan uçurymlarymyzyň, tutuş halkymyzyň ak şäherimize we onuň eýeleýän belent sepgitlerine bolan buýsanjy çäksizdir.
Häzirki döwürde Aziýanyň merjeni hökmünde ykrar edilen ak mermerli Aşgabat dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň birine öwrüldi. Adamlaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleri döretmek Türkmenistanyň at gazanan arhitektory, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän ýurdumyzy ösdürmegiň maksatnamasynyň we Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr.
Paýtagtymyz Aşgabat Türkmenistanyň iri administratiw-syýasy, ulag, söwda hem-de ylmy-medeni merkezi bolup durýar. 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat ak mermerli binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, 2013-nji ýyldan başlap, 25-nji maý Aşgabat şäheriniň güni hökmünde bellenilip başlandy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan beýik işleri netijesinde paýtagtymyz Aşgabady dünýäniň iň gözel şäherleriniň hataryna goşmak barada uly işler durmuşa geçirilýär. Muňa, ýurdumyzda Aşgabady ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna «Dizaýn» ugry boýunça girizmek babatynda güýçli depginde alnyp barylýan taýýarlyk işleri hem şaýatlyk edýär. Mermer şäherimiz Aşgabadyň geljekde dünýäniň iň kuwwatly, iň ösen we iň gözel paýtagtlarynyň birine öwrülmegi bolsa, döwletimiziň halkara giňişligindäki at-abraýyny has-da artdyrar.
Häzirki wagtda Aziýanyň ylalaşdyryjy merkezi hökmünde tanalýan Aşgabat syýasat, saglygy goraýyş, ylym-bilim, medeniýet we beýleki ugurlarynda hem halkara derejeli çäreleriň geçirilýän merkezine öwrüldi. Bu hem ýurdumyzyň paýtagtynyň dünýädäki ornuny has-da beýgeldýär.
Gülnur Hojaýewa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.