BIZNES

«Ynamly taksi» işläp başlady

«Awtoulag kärhanalar birleşigi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Aşgabatda onlaýn taksi çagyrmak hyzmatynyň işe girizilendigini habar berýär. Taksini 0656 gysga belgä jaň edip ýa-da «Ynamly taksi» mobil goşundysy arkaly sargyt edip bolýar.

Häzirki wagtda mobil goşundysyny diňe «Google Play» arkaly ýükläp alyp bolýar. Şeýle-de ýakyn wagtda onuň «App Store»-da hem peýda boljakdygy hem aýdylýar.

«Awtoulag kärhanalar birleşiginiň» bellemegine görä, goşundy smartfona gurnalandan soň, taksi sargyt etmek üçin barmaly ýeriň salgysyny girizmek ýa-da ony kartada saýlamak ýeterlikdir. Goşundy GPS-iň kömegi bilen ulanyjynyň ýerleşýän ýerini kesgitleýär we ýolagçy boljak adamyň maglumatlary barada sürüjä habar berýär.

Sargydyň tassyklanmagy we awtoulagyň gelmegi barada ýolagça SMS habarnamalary iberilýär. Saýlanan nyrhnama we ýoluň uzaklygyna baglylykda, geçilen ýoluň bahasy çykarylýar. Ýoluň takmynan bahasy mobil goşundyda görkezilýär.

Taksi barmaly ýerine geleninden soň ýoluň gutarnykly bahasy ýolagçynyň telefonyna habarnama arkaly iberilýär. Mundan başga hem ykjam goşundyda gatnawlaryňyzyň taryhyny görüp bilersiňiz. Goşundynyň goşmaça aýratynlygy hökmünde bolsa «Halaýan ýerlerim» funksiýasynyň girizilendigini görkezmek bolar. Onuň kömegi bilen iň köp barýan ýeriňiziň salgysyny girizip bilersiňiz.

Häzirki wagtda sargyt üçin diňe nagt töläp bilersiňiz, ýöne ýakyn wagtda sürüjiniň terminaly arkaly bank karty bilen tölegleri, şeýle hem onlaýn tölegleri girizmek meýilleşdirilýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylmy tehnologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy

Baku we Türkmebaşy portlarynyň ösüşiniň sinhronlaşdyrylmagy ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan-Azerbaýjan-Özbegistan-Gruziýa ulag hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkiýäniň ministri: özara söwdanyň möçberini 5 milliard dollara ýetirmek üçin tagalla ederis

Türkmenistanda ýanwar aýy boýunça jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy