SPORT

“Zenit” – Russiýanyň çempiony

Russiýanyň futbol boýunça milli çempionatynyň 26-njy tapgyrynda Sankt-Peterburg şäheriniň “Zenit” topary “Spartak” toparyny 3:2 hasabynda ýeňip, wagtyndan öň çempionlygyny yglan etdi.

Şeýlelikde, “Zenit” topary bassyr 5-nji çempionlygyny gazanyp, umumylykda 10 gezke çempion bolup, baýdagyndan 2 ýyldyzyň bolmagyny gazandy.

“Zenit” topary çempionatyň tamamlanmagyna 4 hepde galandygyna garamazdan, utuklarynyň sanyny 64-e ýetirdi. Ikinji orundaky SSSKA toparynyň 51, üçünji orundaky “Rostow” toparynyň 50, “Spartak” toparynyň bolsa 49 utugy bar.

Sergeý Semagyň ýolbaşçylygyndaky “Zenit” topary 2018/19, 2019/20, 2020/21, 2021/22, 2022/23-nji möwsümden bäri çempion bolup gelmegi dowam etdirýär.

Mundan ozal, diňe “Spartak” topary 1996-2001-nji ýyllar aralygynda yzly-yzyna 6 gezek çempion bolup, bu ugurdaky rekordy özünde saklap gelýär.

Related posts

Welosport boýunça Aziýa konfederasiýasynyň ýolbaşçysy Türkmenistana geler

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempiony Emiliano Martines “Çelsi” futbol klubyna geçdi

Merkezi Aziýanyň iň uly stadiony gurulýar

Leave a Comment