BILIM

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty: “Açyk Gapylar 2023”

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty “Açyk gapylar” gününi yglan edýär. “Türkmenistan gazetinde” çap edilen bildirişe görä,Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty 2023-nji ýylyň 25-nji aprelinde sagat 15:00-da instituta berkidilen Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik mekdeplerinden okuwa girmäge isleg bildirýän gutardyş synp okuwçylaryny, 8-nji maýda sagat 15:00-da  ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylaryny, esgerleri, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlary we raýatlary  «AÇYK GAPYLAR»  gününe çagyrýar

Şol günlerde ýaşlar hormatly Prezidentimiziňalyp barýan işjeňdaşary syýasatynyňdabaralanmagy, ýurdumyzyňdaşary ykdysady gatnaşyklarynyňişjeňleşmegi, ylym-bilim ulgamyny ösdürmek baradaky özgertmeleriniňdurmuşa geçirilişi, institutda öwredilýän hünärler, kompýuter, internet, sinhron terjime we lingafon, interaktiw okuw otaglary, okuw mekdebiniňdurmuşy baradaky diwarlyklar we wideofilm bilen, şeýle hem Türkmen diplomatiýasynyňtaryhy muzeýi, okuw studiýasy, Türkmenistanyňdiplomatiýasynyňmöhüm ugurlary boýunça okuw hem-de Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezleri bilen tanşyp bilerler.

Welaýatlardan okuwa girmäge isleg bildirýän dalaşgärler üçin:

Balkan welaýatynda şu ýylyň10-njy, 24-nji aprelinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniňşahamçasynda;

Daşoguz welaýatynda — 11-nji, 25-nji aprelde Türkmen oba hojalyk institutynda;

Lebap welaýatynda — 12-nji, 26-njy aprelde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda;

Mary welaýatynda — 13-nji, 27- nji aprelde TürkmenistanyňDöwlet energetika institutynda «Açyk gapylar» güni geçiriler.

Institutyň salgysy: Aşgabat şäheriniň Galkynyş köçesiniň 25-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon

belgileri: 22-02-63, 22-68-45.

Internet sahypasy: www.iirmfa.edu.tm

Halkara okuw resminamalaryň terjime hyzmaty : Makul Terjime

Daşary ýurtda  bilim almak isleýän talyplaryň resminamalaryň dogry we takyk terjime edilmegi wajyp bolup durýar. Şu maksat bilen Türkiýede we dünýäniň dürli künjeginde bilim almak isleýän talyplar halkara okuw resminamalaryň terjimesi ulgamynda ýöriteleşen “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň Aşgabat şäherindäki merkezlerine ýüz tutup bilerler.

“Makul Hyzmat”  Terjime Merkezi

Aşgabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni)  köçesi, A Blok,

Makul Hyzmat Ofis, 4. gat, 401

Tel: +993 63 78 96 73 / + 993 12 96 48 55

Elektron poçta salgysy: makulhyzmat@gmail.com

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara Nebit we Gaz uniwersiteti: “Açyk Gapylar 2023”

Ýene-de okaň

Türkmen ýaşlary Hytaýyň we Wengriýanyň abraýly bilim edaralaryna okuwa iberiler

Türkmenistan-Gruziýa: bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk

Ata Watan Eserleri

Iňlis dilini bir ýyl mugt öwrenmek mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň rektorlarynyň forumyna gatnaşýar

«Türkçe-türkmençe sözlük» neşir edildi

Russiýa Türkmenistanyň bilim edaralaryna 1 müňden gowrak kitap iberdi