JEMGYÝET

 Türkmenistanyň Prezidenti amerikaly işewürleri kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty, “General Electric Gas Power» kompaniýasynyň Ýewropa, Ýakyn Gündogar we Afrika sebitlerinde gazturbina enjamlarynyň satuwy boýunça wise-prezidenti Bris Razany, “John Deere” kompaniýasynyň Merkezi Aziýada strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýolbaşçysy Çaba Leýkony, “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň wise-prezidenti Jon Rizi, “Smartmatic” kompaniýasynyň esaslandyryjysy hem-de Baş ýerine ýetiriji direktory Antonio Mugikany, “Westport Trading Europe Limited” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Nikolaý Ýurçenkony hem-de “UGT Renewables” kompaniýasynyň amallar işi boýunça wise-prezidenti Dýuk Gimi kabul etdi.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkmenistanyň möhüm söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şular barada aýtmak bilen, geçen ýyllaryň dowamynda bu ugurda oňyn netijeleriň gazanylandygyny kanagatlanma bilen belledi. Şunuň bilen birlikde, özara kuwwatyň has giň gerimde ulanylyp bilinjekdigi äşgärdir. Türkmenistan amerikan kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini goldaýar. Ýurdumyz bu hyzmatdaşlygy höweslendirmegi göz öňünde tutýar.

Işewürler döwlet Baştutanymyza bildirýän ynamy hem-de çuň manyly söhbetdeşlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ABŞ-nyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän orunlaryny pugtalandyrmaga hem-de bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmaga çalyşýandyklaryny ýene-de bir gezek tassykladylar.

Ýene-de okaň

Bernardo Silwa tomusda “Mançester Siti” toparyndan gider

Kristofer Wizda: “Makul Iňlisçe-Türkmençe” gollanma seýrek duş gelýän gymmatlyk

Owganystanyň başlangyjy bilen ilkinji “Owganystan–Merkezi Aziýa” konsultatiw dialogy ýola goýuldy

Ata Watan Eserleri

Milli Liderimiz Arkadag şäherindäki 30 müň orunlyk metjidiň gurluşygy bilen tanyşdy

Ata Watan Eserleri

«Jahan» döredijilik merkezi «Jahan» döredijilik we sport merkezi diýip atlandyrylar

Hytaýyň tejribeli lukmanlary Türkmenistana sapar bilen geler

Ata Watan Eserleri