JEMGYÝET

Türkmenistandan Türkiýedäki ýertitremede ejir çekenler üçin 3 million türk lirasy bagyş edildi

Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral Türkmenistandaky türkmen we türk raýatlary 6-njy fewralda bolup geçen güýçli ýertitreme zerarly ejir çekenler üçin 3 million türk lirasyndan gowrak pul serişdelerini jemländiklerini habar berdi.

Türkiýäniň ilçihanasynyň habar bermegine görä,  ilçi Togan Oral Türkmenistan tarapyndan Türkiýedäki ýertitreme zerarly ejir çekenler üçin amala aşyrylan ynsanperwer kömekleri barada metbugat beýannamasy bilen çykyş etdi.

Ilçi türk döwletiniň we halkynyň egin-egne berip, bu pajygaly ýertitremäniň zyýanlaryny aradan aýyrmak üçin tagalla edýändigini belläp, “Bilşiňiz ýaly, 2023-nji ýylda Türkiýe Respublikasy döredileniniň 100 ýyllygyny baýram etmäge taýýarlyk görýän ýylynyň başynda pajygaly ýagdaý emele geldi”, diýip belledi.

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyna kömek goluny uzadan ilkinji döwletleriň biridigini bellän Togan Oral: “Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň ilçihanasyna geldi we öz adyndan, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine we türk halkyna öz çuňňur gynanjyny bildirdi. Halk Maslahatynyň Başlygy hatyra kitabyna ýazgy galdyrdy we Türkmenistanyň müftüsi bilen şehitleriň ýagty ýadygärligi üçin doga-dileg etdi” diýip belledi.

Türkmenistandan Türkiýedäki ýer titremesinde ejir çekenler üçin iberilen ynsanperwer kömekleri barada durup geçen ilçi Togan Oral 2023-nji ýylyň 7-nji fewralynda 7 sany lukman, 3 sany şepagat uýasy, şeýle hem 30 tonna derman we lukmançylyk serişdeleri, 2023-nji ýylyň 10-njy fewralynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan çagalar üçin derman, egin-eşik we azyk önümlerinden ybarat bolan 92 tonnalyk ynsanperwer ýüküniň iberilendigini belledi.

Şeýle hem ilçi Türkiýäniň ilçihanasynyň guramaçylygynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi we Türkmenistanyň Gyzyl ýarymaý jemgyýeti 7 sany çadyr, 6 sany mobil hajathana, 60 sany gyzdyryjy, 20 sany generator, 667 krowat, 6835 sany odeýal we 23,45 tonna ynsanperwer kömegini “Türk howaýollarynyň” uçary we türkmen logistika kompaniýalarynyň ýük awtoulaglary bilen Türkiýä iberendigini belläp geçdi.

– Türkiýäniň ilçihanasy tarapyndan açylan haýyr-sahawat bank hasabyna Türkmenistanyň we Türkiýäniň raýatlary 3 million türk lirasyndan gowrak pul serişdelerini bagyş etdiler – diýip, ilçi mälim etdi.

Türkmenistan döwletiniň şeýle kyn döwürde duýgudaşlyk bildirip, doganlyk kömegini berendigi üçin minnetdarlyk bildiren ilçi Togan Oral: “Hökümetimiziň, döwletimiziň, halkymyzyň adyndan Türkmenistanyň Prezidentine, Halk Maslahatynyň Başlygyna, doganlyk türkmen halkyna, döwlet edaralaryna we guramalaryna, hususy kompaniýalara, Türkmenistanda ýaşaýan türk raýatlaryna, türk kompaniýalaryna, olaryň ýolbaşçylaryna we işgärlerine öz hoşallygymy bildirýärin” diýip belledi.

 

Ýene-de okaň

Kenan Çoban: türkmen myhmansöýerligine minnetdarys

Türkmenistanyň Mejlisinde 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmaga bagyşlanan maslahat geçirildi

Türkmenistan Ýangy gala kanýonyny ÝUNESKO-nyň sanawyna hödürlär

TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň mejlisi

«Sanly çözgüt – 2024»: innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň ýeňijileri sylaglandy