JEMGYÝET

Türkmenistan awiagatnawlaryň ugurlaryny we sanyny köpelder

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi baş direktory M. Çakyýewe awiagatnawlaryň ugurlaryny we sanyny köpeltmek boýunça täze teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň awiagatnawlaryň ugurlaryny we sanyny köpeltmek boýunça täze teklipleri taýýarlamak, awiapetekleri sanly ulgam arkaly satyn almak üçin şertleri gowulandyrmak babatda tabşyryklar berdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti awtoulag, deňiz we demirýol arkaly ýükleri daşamaga ýüz tutmalary sanly ulgam arkaly kabul etmek üçin zerur işleri geçirmek, şeýle hem Türkmenbaşy halkara deňiz portuny doly kuwwatynda ulanmak boýunça görülýän çäreleri güýçlendirmegiň wajypdygyny belledi.

Häzirki wagtda “Türkmenistan” awiakompaniýasy Stambul, Deli, Kazan, Pekin, Dubaý, Frankfurt, London şäherlerinde yzygiderli gatnawlary amala aşyrýar.

Related posts

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ikinji mejlisi geçirildi

vepa

AB-Orta Asya Bakanlar toplantısı

vepa

Türkmenistan Germaniýa bilen Hytaýyň arasynda ýük gatnawyny amala aşyrar

Ata Watan Eserleri