JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistanda saparda bolar

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň 8 aýynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň pudaklarynda alnyp barylýan işlerine netijeleri boýunça hasabatlar berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Baştutanlarynyň 5-nji konsultatiw duşuşygyna hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň mejlisine gatnaşmak üçin 14-15-nji sentýabrda Täjigistan Respublikasyna amala aşyrjak iş saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda häzirki wagtda degişli guramaçylyk we beýleki degişli işler alnyp barylýar. Duşanbe şäherinde geçiriljek ýokary derejedäki duşuşyklaryň çäklerinde beýleki birnäçe çäreleriň guralmagy meýilleşdirilýär.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Baştutanlarynyň 5-nji konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde köp sanly çäreler göz öňünde tutulýar. Onda ilkinji gezek sebit ýurtlarynyň ulag ministrleriniň hem duşuşygy göz öňünde tutuldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Özbegistan Ýokary Geňeşini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň ilçisi Maldiw Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna dalaşgärligini hödürledi

Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady