JEMGYÝET

Türkmenbaşy-Garabogaz-Gazagystanyň serhedi awtomobil ýolunyň gurluşygy taslamasy maslahatlaşyldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň günorta künjegine iş saparyny amala aşyryp, gurluşygy tamamlaýjy tapgyra gadam basan Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň barşy, birnäçe şekil taslamalary bilen tanyşdy hem-de bu ýerde Russiýanyň «Wozroždeniýa» taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukato bilen duşuşdy.

Aşgabadyň günorta künjeginde, Saglyk ýolunyň başlanýan ýeriniň gabat garşysynda Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň çäkleri başlanýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynda töweregi synlap barşyna, Russiýanyň «Wozroždeniýa» taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukato bilen gürrüňdeş boldy.

Bellenilişi ýaly, Russiýanyň «Wozroždeniýa» taslama-gurluşyk kompaniýalar topary bu ýerde rejelemek, dizaýn-bezeg işlerini ýerine ýetirýär.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa «Wozroždeniýa» taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy, şekil taslamalaryň üsti bilen, alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

«Wozroždeniýa» taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedi awtomobil ýolunyň gurluşygy boýunça hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, taslamalara laýyklykda, ýollar köp zolakly bolar. olarda gözegçilik ediji kameralar, sanly ulgam ornaşdyrylar. Ýolagçylar we ýük gatnadyjylar üçin hyzmat etmäge degişli ähli döwrebap amatlyklar dörediler.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hasabaty diňläp, bu ýoluň gurulmagynyň möhüm ähmiýetini bellemek bilen, onuň dünýäniň ýol halkasyna goşuljakdygyna, uly magistral ýol boljakdygyna ünsi çekdi. Şeýle-de ýol gurluşygynyň taslamasy amala aşyrylanda, ýolagçylar üçin ähli amatlyklaryň we zerur şertleriň döredilmeginiň ilkinji nobatdaky möhüm wezipe bolup durýandygyna bu ýere ýygnananlaryň ünsüni çekdi hem-de işler ýerine ýetirilende bilelikde, utgaşykly işlemegi tabşyrdy.

Soňra Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň başlygy bu ugurda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy soňra suw meselesi barada durup geçdi. Bu ugurdaky meselelerde Türkmenistanyň «Wozroždeniýa» taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygy bellenildi.

Ýene-de okaň

«Galkynyş» topary Bakudaky «Circus Sea Breeze» sirk arenasynda täsirli çykyşlary görkezdi

Beýkent uniwersitetinde türkmen ýaşlary üçin täze mümkinçilikler!  

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaýda dostlukly saparda bolar

Türkmenistanyň Prezidenti türkmen halkyny Gadyr gijesi bilen gutlady

Türkmenistan Eýrana ynsanperwerlik kömegini iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri agzaçar sadakasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri