SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

27-nji fewral ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ!   Egerde  araňyzda  daşary ýurtda  bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň  terjimesi üçin  “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25,  (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73,  96-48-55

E: Mail :   makulhyzmat@gmail.com 

 Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size  27-nji  fewraldaky täleýnamaňyzy hödürleýäris. 

Şeýle-de gadyrly okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Durmuş potensialyňyz hazir ýokary derejede. Bu gün şahsy durmuşyňyzdaky käbir ýalňyşlyklary düzetmek üçin ajaýyp mümkinçilik bar. Garaşylmadyk habarlar ýakyn adamyňyz bilen gatnaşyklaryňyza täsir edip biler ýa-da häzirki işiňizi ýa-da jemgyýetçilik ýagdaýyňyzy düýpgöter üýtgeder.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Bu gün ýolbaşçylar ýa-da kärdeşler bilen oňuşmazlygyňyz mümkin. Ýagdaýy düzetmek üçin diňe zehinlilik we öňdengörüjilik kömek eder. Köpçülikden we garaňkylykdan gaça duruň. Saglygyňyza aýratyn üns bermek maslahat berilýär.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Düzgün-tertipliligi we paýhaslylygy görkeziň – durmuşyň pes potensialy we planetalaryň amatsyz ýerleşişi size iş ukyplaryny görkezmäge ýol bermez. Edýän işleriňize ünsli boluň. Düzedip bolmajak ýalňyşlyklary etmejek boluň.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Täze energiýa çeşmelerini tapmak üçin gowy gün. Özüňizi gowy tarapdan görkezmek üçin uly mümkinçilik bar. Kararlara howlukmak, pikir etmezlik ýa-da bir wagtyň özünde birnäçe meseläni çözmek synanyşyklary ýalňyşlyklara ýa-da maliýe ýitgilerine sebäp edip biler. Öýüňizde gaýragoýulmasyz işler bar. Bu bolsa köp wagty we güýji talap eder.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Iş wezipeleriňize gaty seresap boluň. Belli seneleri unutmaklyk ýa-da ýoldaşyňyzyň nädogry hereketleri birneme lapykeçlik getirip biler. Ýüze çykmagy mümkin bolan dawa diňe aç-açan we tüýs ýürekden geçirilen söhbetdeşlik netijesinde çözülip bilner.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Häzirki wagtda hünär işjeňligindäki kynçylyklar ýa-da ýalňyşlyklar gaty ähtimal. Täze pikirlerden we tekliplerden gaty seresap bolmaly. Uly bolmadyk saglyk problemalary ýüze çykyp biler. Arzuwlaryňyzyň amala aşmak ähtimallygy ýokarydyr.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Ähtimal, bu gün möhüm kararlara gelmeli  bolarsyňyz. Ýyldyzlar hyzmatdaşlaryňyza garaşýan zatlaryňyzy ýa-da talaplaryňyzy ölçäp, nämäni we nädip düzedip boljakdygyny ýa-da gowulaşdyryp boljakdygyny pikirlenmegi maslahat berýärler. Köne zatlar çözülmeli we batyrgaý taslamalar has amatly wagt üçin goýulmaly.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Täze işe başlamak üçin amatly gün. Başlyklaryňyzyň ýa-da kärdeşleriňiziň ünsünden düşmejek zehin görkezip, işewürlik görkezip bilersiňiz. Belki, soňky döwürde sizi erkiňize goýmadyk arzuwlaryňyzy amala aşyrarsyňyz.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Durmuş mümkinçiligi artýar. Döredijilik, duýgurlyk, öňdengörüjilik, özüneçekijilik artýar. Ýöne kimdir biri siziň mylaýym görünýänligiňize, aşa utanjaňlygyňyza ýalňyş düşünip, size agyr ýükleri çekdirmäge synanyşmagy mümkin.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Öz pozisiýalaryňyzy berkitmek üçin amatly gün. Daşky sowuklygyňyz, maskanyň aşagynda gizlenýän duýgurlygyňyz we gowşaklygyňyz, maksadyňyza ýetmegiňize päsgel berip biler. Inisiatiwany we erjelligi görkeziň. Dostlaryňyzyň kömegine bil baglaň, ýogsam üstünlik gazanmak ähtimallygy nola ýakyn bolar.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Ýyldyzlar daluw aýal-gyzlaryna uly netijelere getirip biljek işjeň hereketlere meýilli bolmagy maslahat berýärler – çalt üstünlik gazanmak islegi nerwiň bozulmagyna getirip biler. Daluw erkekleri ýakyn adamyna ýa-da çagalaryna has köp üns bermeli. Ähli meseleleri beýik äheňe ýa-da ygtyýarlyk güýjüne ýüz tutman parahatçylykly çözüp bilersiňiz.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Bu gün size ýakymly garaşylmadyk tanyşlyklar garaşýar. Hyzmatdaşlaryňyzyň, size ýamanlyk isleýänleriň hüjümleri mümkin. Bir seretseňiz kemsidiji we düşnüksiz ýaly görünse-de, bu zatlaryň sizi biynjalyk etmegine ýol bermäň. Päsgelçilikli taslamanyň üstünde işlemegi dowam etdirmek maslahat berilýär, çünki ondan siz gowy peýdalanyp bilersiňiz.

Ýene-de okaň

01-nji Sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

31-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

30-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (26-njy awgust-1-nji sentýabr )

27-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

26-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama