TEHNOLOGIÝA

AŞTU: internet hyzmatynyň tizligini ýokarlandyrylýar, nyrhlar bolsa arzanladylýar

«Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ 2023-nji ýylyň 1-nji martyndan ilata berilýän Internet hyzmatlarynyň tizligini ýokarlandyrmak we şol bir wagtda onuň nyrhlaryny arzanlatmak, ýokary tizlikli täze nyrhnamalary girizmek çäresine badalga berilendigi barada buýsançly habar berýär. Bu barada jemgyýetiň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Täze girizilen nyhnamalara laýyklykda hyzmatyň 1 aýlyk bahasy:

  • Tizligi 1 Mb/s Internet hyzmaty üçin – 150 manat;
  • Tizligi 2 Mb/s Internet hyzmaty üçin – 180 manat;
  • Tizligi 4 Mb/s Internet hyzmaty üçin – 230 manat;    
  • Tizligi 6 Mb/s Internet hyzmaty üçin – 280 manat.

Öň tizligi 512 Kb/s Internet hyzmatyndan peýdalanýan we aýda 150 manat töleýän müşderiler awtomatik usulda, nyrhyny (150m) üýtgetmezden 1 Mb/s tizlikli Internet hyzmatyna geçirilýär. Şeýle hem, 1 Mb/s iň pes tizlikli Internet hyzmaty bolup durýar.

Öň aýyna 200 manat töleýän we 2 Mb/s tizlikli Internetden peýdalanyp gelen müşderileriň nyrhnamasy awtomatik usulda, şol bir tizlik bilen aýda 180 manat nyrhnama geçirilýär.

Egerde müşderi mart we ondan soňky aýlary üçin öňki nyrhnama boýunça 200 manat tölän bolsa, onda billing ulgamy müşderiniň hasabyny 180 manatlyk nyrhnama geçirýär we galan pul serişdelerini hakujy hasabynda saklaýar.

Häzirki wagtda täze nyrhnamaly tizliklere geçmek islegleri barada müşderilerden degişli ýüzlenme arzalary kabul edilip başlandy.

AŞTU bilen ýokary tizlikli we elýeter bahaly Internet hyzmatlaryndan peýdalanmaga howlugyň!

Habarlaşmak üçin: 09, 083

Ýene-de okaň

Indoneziýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

“Apple” kompaniýasy “iPhone 17e” modelini tanyşdyrdy

Aşgabatdan Mary we Baýramala gidýän awtobuslar Awtokombinatdan ugraýar

Aşgabat – Ýolöten awtobus gatnawy ýola goýulýar

Türkmenistanly hukukçy “Lex Lawyer Now” sanly platformasyny döretdi

Ata Watan Eserleri

Sosial media endikligi boýunça uly kazyýet işlerine başlanýar