Häzirki wagtda howanyň üýtgemeginiň iň uly sebäplerinden biri atmosfera çykýan parnik gazlarydyr. Uçar bilen syýahat diňe ABŞ-da parnik gazlarynyň 4 göterimini emele getirýär. Uçar bilen köp adam syýahat edýärkä, Birleşen Milletler Guramasy uçarlardan uglerod dioksidiniň zyňyndylarynyň 2050-nji ýyla çenli üç esse artmagyna garaşýar.
ABŞ bilen Ýewropanyň arasynda her uçuşynda öndürýän kömürturşy gazynyň bir ýolagça düşýän mukdary, takmynan, 1 tonna. Şu sebäpli uçar öndürijileri we awiakompaniýalar gazylyp alynýan ýangyjyň sarp edilişini azaldýan we atmosfera az zyýan ýetirjek çözgütleriň üstünde işleýärler.
“NASA” uzak wagtdan bäri elektrikli uçarlaryň üstünde işleýär. “X-57 Maxwell” diýlip atlandyrylýan kiçi bir orunlyk uçaryň ýerüsti synaglarynyň köpüsi tamamlandy. Bu uçar 5 müňden gowrak batareýa öýjügi arkaly zarýad berilýän litiý-ion batareýalary bilen üpjün edilen. Uçarda 2 sany elektrik hereketlendirijisi hem bar.
Ýöne diňe elektrikli däl, beýleki hereketlendirijiler bilen uçýan uçarlar baradaky alnyp barylýan gözlegler hem bar. Ştab-kwartirasy Angliýada ýerleşýän “ZeroAvia” awiasiýa kompaniýasy hiç hili kömürturşy zyňyndysyz uçaryny öndürmek baradaky taslamalarynyň çäginde 19 orunlyk wodorod bilen işleýän uçaryň synag uçuşyny üstünlikli ýerine ýetirendigini habar berdi. Bu uçar diňe wodorod bilen işleýär. Uçaryň hereketlendirijilerindäki wodorod elektrik energiýasyna öwrülýär.
“ZeroAvia” öz beýanynda hereketlendirijileriniň biri wodorod dwigateli bilen çalşylan “Dornier 228” atly uçarynyň 19-njy ýanwarda Angliýanyň Kotswold howa menzilinden 10 minutlyk synag uçuşyny amala aşyrandygyny aýtdy. Şeýle hem kompaniýa 90 ýolagçyly uçaryna 2,5 megawat kuwwat berjek hereketlendirijileriň üstünde işleýändiklerini habar berdi.
Wodorod hereketlendirijileriniň üstünde işleýän başga bir awiasiýa ägirdi “Airbus” kompaniýasy. Kompaniýa ýakynda 2035-nji ýyla çenli wodorod bilen işleýän täjirçilik uçaryny satuwa çykarmak meýilnamasyny yglan etdi.
“Airbus” netijeli we arassa energiýa görnüşi bolan wodorod esasynda hiç hili kömürturşy zyňyndysyz uçary dizaýn etmegi meýilleşdirýär.“Airbus” bu ugurda ABŞ-nyň “General Electric” we Fransiýanyň “Safran” dwigatel öndürijileri bilen işleşer.
Şeýle-de bolsa, elektrik hereketlendirijileri derrew awiasiýa pudagyna girmez. Uçarlaryň diňe elektrik ýa-da wodorod bilen işleýän hereketlendirijileri arkaly uçmagyny görmek üçin birnäçe ýyl gerek bolup biler. Häzirki wagtda howa ýollary we uçar öndürijileri ýangyjyň ulanylyşyny azaltmagyň dürli usullaryny synap görýärler. ABŞ-nyň uçar öndürijisi Boeing we “NASA” täjirçilik uçarlary üçin ýangyç sarp edilişini azaltmagy wada berýän bir zolakly uçar öndürmek üçin hyzmatdaşlygyny yglan etdiler.
Hyzmatdaşlykda döredilen täze uçar sürtünmäni azaltmak üçin diagonaly pilonlar bilen goldanýan uzyn, inçe ganatlary bolan ullakan slaýdere meňzeýär. Muňa ‘transonik truss ganat düşünjesi’ diýilýär. Bu täze düşünje bilen ýangyjyň 30 göteriminiň tygşytlanjakdygy habar berildi. Bu düşünje giňden ýaýrasa, ýakyn wagtda bu ganat dizaýny hasam meşhur bolup biler.