Türkmenistanyň esasy döwlet metbugaty bolan we esaslandyryjysy Türkmenistanyň Ministrler kabineti bolup çykyş edýän Türkmenistan gazetinde, gazetiň adyndan “BAŞYŇ SAG BOLSUN, TÜRKIÝE!” ady bilen ýörite makala neşir edildi. Biz bu makalany Size ýetirýäris.
Bilşimiz ýaly, 6-njy fewralda doganlyk Türkiýede tebigatyň garaşylmadyk apaty — güýçli ýertitreme bolup geçdi. Ýurduň günorta-gündogar sebitinde bolan ýer goduklamasy süýji ukuda ýatan adamlary ahmal galdyrdy. Dünýäniň, ilkinji nobatda ýerli türk teleýaýlymlarynda görkezilýän pajygaly görnüşleri tolgunman synlamak mümkin däl. Ýer bilen ýegsan bolan binalar, tot-tozana gaplanan köçelerdir kesegiň aşagyndan çykarylýan, halas edilen adamlary görüp, damagyň dolýar. Ol görnüşleri synlap, kyrk sekiziň paýtagtymyzy we onuň töwereklerini weýran eden elhenç ýer yranmasy biygtyýar ýadyňa düşüp gidýär, şeýle elhençlikleriň hiç haçan gaýtalanmazlygyny dileg edýärsiň. Ýerli metbugatyň habaryna görä, betbagtçylykly tebigy hadysa — güýçli ýertitreme we onuň örän gynandyryjy netijeleri zerarly, doganlyk Türkiýede bir hepdelik milli matam günleri yglan edildi. Häzirki wagtda ýykylan, weýran bolan binalaryň astynda galanlary halas etmek, ilkinji nobatda zerur bolan lukmançylyk, azyk we beýleki serişdeler bilen üpjün etmek üçin dünýäniň onlarça ýurdy türk halkyna hemaýat goluny uzadýar. Bu adamlaryň, milletine, dinine, diline, jynsyna garamazdan, kyn günde birek-birege goldaw-hemaýat, medet bermek ýaly bir asylly maksada jebisleşýändiginiň mysaly. Bu gowy zat, uzak geçmişden dowam edip gelýän däp, ýörelge. Ynsanperwer däpler, ýörelgeler unudylmasa ýagşy. Türkiýe Respublikasyna haýyrsahawat kömegini ýollan ýurtlaryň hatarynda biziň döwletimiz hem bar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Buýrugy esasynda, dostlukly döwletiň doganlyk halkyna ugradylan ynsanperwerlik ýüki derman hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdelerden we dokma önümlerinden ybaratdyr. Şeýle-de Türkiýä lukmanlar ugradyldy, olar häzirki wagtda ejir çekenlere kömek berýän kärdeşlerine zerur bolan ýardamy berýärler. Eýsem näme, “Iki döwlet — bir millet” bolan türkmen-türk halklarynyň ýyllaryň synagyndan geçip, mazaly berkän gatnaşyklarynda bu şeýle hem bolmaly. Sebäbi türk halky, türk milleti Türkmenistana “Ata Watan, ata ýurdum” diýýär. Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny ilkinjileriň hatarynda goldanlaryň, ýurdumyzyň halk hojalygyny, senagatyny, kärhanalarydyr önümçilik toplumlaryny tarp ýerden gurmaga, dikeltmäge ilki bolup ýardam berenleriň hem türk doganlarymyzdygyny taryham, halkymyz hem unutmaýar. Syýasy, ykdysady, ynsanperwer ugurlarda iki dogan halk, iki dostana ýurt hemişe birek-biregi goldap geldi, doganlaryň arasynda dile alnyp ýörülmese-de, mähribanlyk, ganybirlik ýaly mährem gatnaşyklaryň bolşy kimin, türkmen bilen türküň birek-birege hemişe wepalydygyny, zerur halatynda elden gelen kömegini gaýgyrmajakdygyny her kes bilýär. “Watan” habarlar gepleşiginiň çarşenbe gününiň agşamky goýberilişinde ünsümizi özüne örklän, bular barada çuň oýlara giriftar eden pursatlar tüýs ynsanperwerligiň, türkmeniň mährem ýürekliliginiň, agyr günde dost-dogana, aslynda, ähli ynsan kowumyna kömege barmaga hemişe taýýardygynyň ýene bir ýola ýüze çykmasyna öwrüldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasyna baryp, doganlyk ýurduň wekillerine duýgudaşlyk bildirmegi, şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanç we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etmegi hakyky ynsanperwerligiň subutnamasy boldy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde bolanda, türkmeniň ynsanperwerlik, agyr pursatlarda birekbirege goldaw bermek baradaky dürdäne pähimlerini dile getirdi, ýagny halkymyzyň adyndan Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana, ähli türk halkyna gynanjyny bildirende, «Boljak işe çäre ýok» diýen halk pähimini agzaw edip, betbagtçylyga duçar bolanlaryň arasynda öz raýatlarymyzyň hem bardygyny nygtady. Hormatly Arkadagymyzyň döwletimiziň her bir raýatyň arkasynda dag ýaly bolup durandygyny belläp, bir mesele ýüze çyksa, degişli düzümleriň üsti bilen zerur goldawlaryň beriljekdigini aýratyn bellemeginiň ol ýerde işläp, ýaşap ýören dogan-garyndaşlaryny ünji-alada edinen raýatlarymyzyň ýüreklerine teselli bolandygy ikuçsuz. Gahryman Arkadagymyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri hem-de ýurdumyzyň müftüsi bilen birlikde Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen gürrüňdeş bolmagyny, onuň üsti bilen türk halkyna medet beriji sözleri aýtmagyny, Türkmenistanyň müftüsiniň öten-geçenleri ýatlap, aýat-doga okamagyny teleýaýlymda gören her bir ildeşimiz oňlandyr. “Şü-ýä tüýs ýerine düşäýdi, sag boluň, Milli Liderimiz!” diýip, her ädiminde halkyň ýürek islegini, göwün matlabyny inçelik bilen syzýan Gahryman Arkadagymyza köňül hoşallygyny bildirendir. Sebäbi milletiň Lideriniň sözi — halkyň sözi, halkyň adyndan, halkyň ýürek töründen çykýan söz. Hormatly Arkadagymyzyň doganlyk ýurduň paýtagtymyzdaky ilçihanasynda türkmen-türk mizemez dost-doganlygynyň nyşany hökmünde Hatyra kitabynda ýazgy galdyrmagy, ýakyn wagtda şehit bolanlary, öten-geçenleri hatyralap, «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda sadaka beriljekdigini habar bermegi-de hakyky ynsanperwerlikden nyşandyr. Hawa, Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, türkmen halkynyň “Söýenişen ýykylmaz” diýen parasatly sözi bar. Hakykatdan-da, zerur çagtynda birek-birege söýenişilse, birek-biregi goldanylsa, ýeňip bolmajak müşgillik ýok. Wagt geçer, türk halkynyň başyna düşen bu agyr hadysa ýüreklerde yzaly ýara galdyryp, türk doganlarymyzyň: “Geçmiş bolsun!” diýşi ýaly, geçmişe döner. Şeýle pursatda dana türkmen “Adamyň başyny hemişelik alyp duran zat ýok, bu-da geçer” diýýär. Geçdigi bolsun, başyň sag bolsun, Türkiýe!
“TÜRKMENISTAN”
Halk Maslahatynyň Başlygy: Türkiýedäki watandaşlarymyza ähli kömegi bereris
Ãer titreme zerarly kömek etmek isleýänler üçin ýörite bank hasaby