JEMGYÝET

Türkmenistan Türkiýä ynsanperwer kömegini berdi

Türkmenistanyň hökümeti Türkiýäniň günorta-gündogar sebitinde bolup geçen köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getiren güýçli ýer titremesi zerarly bu ýurda  ynsanperwer kömegini iberdi.

Bu barada Türkiýäniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oralyň “Instagram” hasabynda bellenip geçilýär.  Türkiýäniň ilçisiniň jemgyýetçilik torundaky habarynda bellenişine görä, Türkmenistandan iberilýän ynsanperwer kömegini iberýän uçar paýtagtymyz Aşgabat şäherinden Türkiýä tarap ýola çykdy.

Ynsanperwer kömegi lukmançylyk enjamlary we zerur bolan serişdelerinden ybarat.

Düýn Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirilipdi.

 

 

Meredow we Çawuşogly : telefon arkaly gynanç bildirildi

 

Türkiýede 7 günlük milli ýas yglan edildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýä gynanç hatyny iberdi

 

Türkmenistanyň Prezidenti ýer titreme zerarly Türkiýä gynanç bildirdi

Ýene-de okaň

Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde täze taslamalar bilen tanyşdy

Türkmenistanyň käbir etraplarynda täze kazyýet we prokuratura edaralary döredildi

Türkmenistanyň Baş prokuroryna täze orunbasar bellendi

“Aga gurluşyk” hususy kärhanasy Azerbaýjanyň Fizuli şäherinde metjit gurar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Mejlisinde Irlandiýa Respublikasynyň ilçisi ynanç hatyny gowşurdy