DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 31 ýyllygy

Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 31 ýyl doldy. Türkmen-koreýa dostlukly gatnaşyklaryna, özara bähbitli hyzmatdaşlygyna giň ýol açan bu sene mynasybetli, Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi B.Durdyýew bilen bu ýurduň “The Korea Post” atly halkara žurnalynyň Baş redaktory Li Kýung-şikiň arasynda söhbetdeşlik boldy.

Ilçi B.Durdyýew iki ýurduň Prezidentleriniň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklar barada gürrüň berdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň dowamynda gazanylan ylalaşyklar hem-de oňyn netijeler türkmen-koreý hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin uly binýat boldy diýip türkmen diplomaty belledi.

Söhbetdeşligiň dowamynda, Ilçi B.Durdyýew «ýaşyl» şäher we «akylly» şäher ölçeglerine laýyklykda gurulýan binalaryň we desgalaryň gurluşyk işlerinde öňdebaryjy ýurtlaryň tehnologiýalaryň hem-de iň gowy tejribäniň işjeň ulanylmagy, şol sanda olaryň ekologik ýagdaýynyň, seýsmiki durnuklylygynyň hem-de ýaşaýjylar üçin howpsuz şertleri döredilen Ahal welaýatynyň Arkadag şäheri barada giňişleýin gürrüň berdi.

Ýene-de okaň

Putin bilen Trampyň 4-nji telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň ilçisi Transhazar ulag geçelgesine bagyşlanan ýokary derejeli duşuşyga gatnaşdy

TDG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň Baş konsuly bilen duşuşdy

Keniýa Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatyny gowşurdy

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň üýtgeýän sebit gün tertibindäki strategik hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «GREEN EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşyjylaryň halkara duşuşygyna gatnaşdy