DÜNÝÄ

Russiýa Türkmenistana sanly parlament kitaphanasyny döretmegi teklip etdi

Russiýanyň wekiliýeti Türkmenistana amala aşyran sapary wagty maglumat alyş-çalşygy üçin sanly parlament kitaphanasyny döretmegi teklip etdi. Bu barada Russiýanyň Döwlet Dumasynyň GDA boýunça komitetiniň ýolbaşçysy Leonid Kalaşnikow habar berdi.

– Biz sanly parlament kitaphanasyny döretmek babatda teklip etdik. Ol hem kanunçylyk ulgamynda maglumat alyş-çalşygyny has-da çaltlandyrmaga kömek eder. Biz ugurda gyzyklanmanyň bardygyny gördük – diýip, Döwlet Dumasynyň wekili belledi.

Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 29-30-njy ýanwarda Türkmenistanda saparda bolupdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan 3 aýda 520 sany halkara duşuşyklaryny geçirdi

Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy mejlisine gatnaşdy

Eýranyň Aşgabatdaky medeniýet merkezi surat çekmek bäsleşigini geçirýär

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «Energoprom-2026» Kazan forumyna gatnaşdy

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlaryny ösdürmegi maslahatlaşdylar