SPORT

Messi “PSŽ” toparynda galar

Katardaky dünýä çempionatynda çempion bolan Lionel Messi Fransiýanyň “PSŽ” toparynda galar. “Diario sport” neşiriniň habaryna görä, ýyldyz futbolçy bilen fransuz topary ylalaşdy.

Fransuz topary hüjümçi bilen şertnamanyň möhletini 2 ýyl uzaltmak boýunça ylalaşyk gazandy we oýunçynyň aýlyk haky artdyrylar.

Messiniň bu toparda galmagynyň esasy sebäpleriniň biriniň hem bu futbolçy üçin başga toparlaryň mynasyp teklip hödürlemändigi bilen baglanyşyklydyr.

Messi fransuz toparynyň düzümine 2021-nji ýylda goşuldy. Ol Fransiýanyň “Liga 1” çempionatynyň şu möwsüminde 15 duşuşykda oýnap, 8 gezek tapawutlandy.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň futbol çempionaty başlaýar

Ata Watan Eserleri

Türkmen türgenleri 3 aýda 123 medal gazandy

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri