MEDENIÝET

Zehinler öz ukyp-başarnygyny görkezýär: “Ata Watan Zehinleri”

Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýaşaýan zehinli ýaş-oglan gyzlarymyzyň başarnyklaryny halk köpçüligine ýetirip bilmekleri üçin goşmaça platforma boljak  “Ata Watan Zehinleri” gepleşiginiň ilkinji sany halk köpçülügine ýetirildi.

Gepleşigimiziň ilkinji sanyna ýaňy-ýakynda jemlenen “Merdana Nesil-2022” bäsleşiginiň ýeňijisi (Döwlet tapgyrynda 3-nji orun) Baýramgeldi Orazgylyjow we onuň dogany Orazgeldi Orazgylyjow çagyryldy. Zehinleriň täze gepleşigini  Miwe Jumadurdyýewa alyp barýar. “Makul hyzmat” terjime merkeziniň hemaýat bermeginde alnyp barylýan gepleşikde bilim, sungat şol sanda aýdym-saz ulgamynda zehinli ýaş oglan-gyzlarymyz gatnaşyp biler.

“Ata Watan media” topary tarapyndan öň  ýurdumyzyň meşhur ýyldyzlarynyň çagyrylan “Ata Watan Ýyldyzlary” (alyp baryjysy Pälwan Muhyýew) we halypalyk derejesine ýeten, ussat sungat wekillerimiziň gatnaşmagynda “Ussatlar Ata Watanda” (alyp baryjysy Gülälek Hezretgulyýewa) gepleşikleri tomaşaçylara ýetirildi. Siz bu gepleşikleri “Atavatan TV You Tube” kanalyndan we “www.atavatantv.com” saýtndan tomaşa edip bilersiňiz.

Gepleşige gatnaşmak isleýän  ýaş-oglan gyzlar +993 62 60 52 61 telefon belgisinden habarlaşyp bilerler.

Gepleşige tomaşa etmek üçin şu ýere basyň!

 

Täze gepleÅŸik baÅŸlaýar: “Ata Watan Lezzetleri”

Ýene-de okaň

Ýaşyl geljege ynamly ädim: Paýtagtymyzda eko-festiwal geçirildi

Aşgabatdaky Eýranyň Medeniýet merkezinde çeperçilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

Ata Watan Eserleri

Türkmen saz sungatyna III halkara mukam forumynda ýokary baha berildi

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Özbegistandaky dabaralara gatnaşdy

Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler

Türkmen wekiliýeti “Merkezi Aziýa+” kino forumyna gatnaşdy