MEDENIÝET

50 ýyldan soňra kitaby yzyna tabşyrdy

Beýik Britaniýanyň kitaphanalarynyň birine alnan kitaby 50 ýyldan soňra yzyna tabşyrdylar. Bu ýagdaý Beýik Britaniýanyň Norwiç şäherinde ýüze çykdy. Şäheriň kitaphanasynyň işgärleri jemgyýetçilik tory arkaly beren maglumatynda, 1972-nji ýylda alnan kitap 50 ýyldan soňra yzyna getirilip berildi.

“Iňlis mekdepleri üçin Dýuiniň onluk klassifikasiýasyna giriş” atly kitaby 1973-nji ýylyň 30-njy ýanwaryna yzyna tabşyrmak göz öňünde tutulypdy.

Bu kitaby şäheriň ýerli mekdepleriniň biriniň mekdep müdiri alypdyr. Onuň näme üçindir şeýle uzak wagtlap kitaby özünde saklandygy we wagtynda yzyna gaýtaryp bermändigi barada maglumat berilmeýär.

Mundan ozal habar berlişi ýaly, Şotlandiýanyň Peýsli şäherinde okyjylaryň biri kitaphanadna alan kitabyny 53 ýyldan soňra yzyna gaýtaryp beripdi. Ol günäsini geçilmegini gazanmak üçin kitaba 20 funt-sterling pul goýupdyr.

Related posts

Maýkl Jeksonyň durmuşy barada film 2025-nji görkeziler

Ata Watan Eserleri

“Oskar” baýraklary: “Çarwadarlaryň mekany” filmi ýeňiş gazandy

Teatr asyrynyň täze köprüsi

Leave a Comment