Tokio şäherinde ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon we ýapon-türkmen komitetiniň 14-nji bilelikdäki mejlisi geçirildi. Onuň işine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Tokio şäherine bardy.

Türkmen tarapy duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň umumy ýagdaýy barada gysgaça syn berdiler. Birnäçe ýylyň dowamynda Türkmenistanda ýapon kompaniýalaryň gatnaşmagynda gazhimiýa we elektroenergetika ulgamynda iri desgalar ulanmaga berildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlary boýunça pikir alyşdylar.
Ulag, elektrik, senagat, suw dolandyryşy, maliýe we ekologiýa ýaly ugurlarda bilelikdäki hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigi nygtaldy.

Mundan başga-da, bilim we saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge üns berildi.
Duşuşykda Türkmenistanyň öňdebaryjy döwlet konsernleri bilen ýapon kompaniýalarynyň arasynda himiýa senagaty, gaz pudagy, ulag we suw dolandyryşy ýaly ugurlarda möhüm birnäçe resminamalar bukjasyna gol çekildi.
Bilelikdäki duşuşygyň netijelerinden soň teswirnama gol çekildi.
