SIZDEN GELENLER

“Akylly öýleriň” täsinlikleri    

Häzriki döwürde dünýäniň ýüzünde “akylly öýleriň” köpelmegi we olaryň täsinden, täsinleriniň ýüze çykmagy, şol bir wagtyň özünde eýesini tanamak, onuň sesi bieln öýüň dolandyrylmagyny gazanmak ýaly gyzykly hadysalar , baryp sensorlar zamanasynyň altyn çagynda amala aşyryldy. Häzirki zaman tehnologiýalar zamanasynyň bu ajaýyp görünşli öýlerinde ýaşaýan raýatlaryň ýaşaýyş şertleriniň gowulanmagy elbetde döwletimiziň admalar üçin edýän aladalarynyň nyşanydyr. Biziň ýurdumyzda hem bu işleriň amala aşyrylmagy, ýaşlaryň üstünlikli işläp, bu ugurda täze tehnologiýalary döretmekleri täze nesliň emele gelýändigini alamatlandyrýan hadysadyr. Paýtagtymyzy ösdürmegiň  tapgyrlarynyň çäklerinde «akylly öý» ulgamynyň dürli görnüşli sensorlaryny öwrenmek, olary öý hojalygynda gurnamak hem-de ulgamyň içindäki döräp biläýjek näsazlyklary aradan aýyrmak ýaly işleri tapgyrlaýyn amala aşyrdylar. Uzak aralykdan dolandyrylýan iýmitlendiriş çeşmesini ýa-da yşyklandyryşy muňa mysal hökmünde görkezmek bolar.Dogrusy eýesiniň güýji bilen dolandyrylýan hadysalary awtoulaglar ýa- da hiç hili eýesiz ulaglar bu günki gün dünýä tehnologiýasynda geň hadysa däldir. Emma eýesi ýok wagty öýüň gowy saklanmagy we öz aklyny ulanmagy bolsa, gerekli zatdygyny subut etdi.
Öý eýesi ýok wagty, jaýyň suw geçirijilerinde şikes dörese, sensorlar suw syzmany duýýar we öý eýesine habar berip, suw geçirijileriň ählisini öçürýär. Öýüň howpsuzlygy ýokary derejede üpjün edilýär.Dogrusy sensorlar dünýäsi ilkinji nobatda “eýesine tehnologiýany okatmak” bilen amala aşyrylýar. Munuň özi gelejegi saglaýan täzelikçileriň tapan oýlap tapyjylygydyr. Dogrusy  Adam ýok wagty öýde hereket duýulsa, intellektual ulgama ornaşdyrylan habar beriş enjamlary wideoşekil görnüşinde öý eýesine habar ugradýar. «Akylly öý» ulgamy «akylly» programmalaryň birnäçesinden ybaratdyr. Olar biri-biri bilen baglanyşykly bolup, merkezi nokatdan girip bolýar. Noutbuklar, planşetdir smartfonlar ýa-da beýleki «akylly» enjamlar merkezi nokat bolup hyzmat edýär. “akylly öýler” hakyky akyllylygy bilen eýesini tanaýanlygy bilen täsindir. Çünki birtopar ownuk öý işlerini ýada salmak we ýerine ýetirmek, temperaturadan başlap, çyglylyga çenli gözegçilik diňe bir artykmaç wagt talap etmän, eýsem, ünsüňi bölýär. Şoňa görä-de, «akylly öý» ulgamy häzirki zamanyň iň amatly ofis we öý dolandyryş usuly hökmünde barha giň gerime eýe bolýar. Adamzat dünýäsinde täzelikleriň her bir zamanda bolany taryhda bar. Emma häzirki döwür ýaly, tehnologik ösüşleriň zamany bolmagy bolsa, bu günkigün täze ymtylyşlara barýan adamzat taryhynda iň ösüşler zamany bolup ýadygärlik galar.

Nartäç Awlikuliýewa,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň

Energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň

“Fizika we elektronika” kafedrasynyň uly mugallymy. 

 

Ýene-de okaň

Sarpasy belent bedewler

Ata Watan Eserleri

Ýylyň şygary-belent sepgitlere badalga

Çagalar – biziň geljegimiz!

Sagdyn ene we sagdyn çaga – uly baýlyk

 Magtymguly aýdar, sözüm älemdir…

Ösümlikler üçin zerur dökün