JEMGYÝET

Halk Maslahatynyň Başlygy Koreýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

 Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynda resmi saparda bolmagynyň çäklerinde dostlukly ýurduň Prezidenti Ýun Sok-ýol bilen duşuşdy. Onda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlary bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň barşynda iki ýurduň syýasy-diplomatik, ykdysady we medeni gatnaşyklarynyň ýokary derejesi bellenildi. Şol gatnaşyklar deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we hoşniýetli ýörelgeleri esasynda işjeň ösdürilip, soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykaryldy.

Mälim bolşy ýaly, Halk Maslahatynyň Başlygy Koreýa Respublikasynda resmi saparynda bolmagynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklara gatnaşdy. Olarda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary şol sanda parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler boýunça gyzyklanma bildirýän pikir alyşmalar boldy.

Şeýle hem duşuşyklaryň jemleri boýunça degişli resminamalara gol çekilidi. Munuň özi iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşiň täze derejesine çykýandygyny aňladýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda täze milli howpsuzlyk ministri wezipä bellendi

Türkmenistanda 2026-njy ýylda 5300-e golaý täze iş orny dörediler

Türkmenistanda 2026-njy ýylda açyljak desgalar

Türkmenistanda ýolbaşçylary wezipe bellemek boýunça kararlar

Türkmenistanda täze ministrlik döredildi we oňa ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine täze ýolbaşçy belledi