JEMGYÝET

Türkmenistanyň daşary işler ministri Türkiýede saparda bolar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Türkiýe Respublikasynda saparda bolar. Bu barada Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Şol habarda, 2022-nji ýylyň 27-28-nji noýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Türkiýe Respublikasynda saparda boljakdygy bellenilýär.

Bu saparyň çäklerinde ikitaraplaýyn we sebit meseleleri bilen bir hatarda öňümizdäki döwürde amala aşyrylmagy meýilleşdirilen “Türkiýe-Azerbaýjan-Türkmenistan” üçtaraplaýyn döwlet Baştutanlary sammitine taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Mälim bolşy ýaly, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti RejepTaýyp Ärdogan Indoneziýa amala aşyran saparynyň öňüsyrasynda geçiren metbugat ýygnagynda dekabr aýynyň başlarynda Türkmenistanda saparda boljakdygyny mälim edipdi. Şol saparyň çäklerinde Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleri bilen tebigy gaz meselelerini ara alyp maslahatlaşjakdygyny belläp geçipdi.

Related posts

«Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» dialogynyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň mejlisi geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Babamyrat Tirkeşowiç Meredowyň terjimehaly

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň şäheri

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment