Ata Watan YlhamyJEMGYÝET

Arkadagyň şäheri

Gülleýär, gül açýar gadymy Diýar,

Asuda, abadan şamu-säheri.

Göýä Aşgabadyň ekiz taýy deý,

Lowurdaýar Arkadagyň şäheri.

 

Asman ýyldyzlarnyň ählijesini,

Agşamlarna ýere ýazan ýalydyr.

Gündizleri Köpetdagyň goýnunda,

Dokalyp, düşelen ajap halydyr.

 

Gadymy Oguzlaň zamanasyndan,

Alyp gelen ýaly bir bölek şemal.

Ertekini ýada salýan şäherim,

Göýä uz owadan bir sahypjemal.

 

Zeminde açylan surat depdere,

Sünnäläp çekililen täsin eser sen.

Al asmana uçjak bolýan laçyn deý,

Çüwdürimleň ganat kakýar eserdeň.

 

Pederleriň ruhy siňen Watanyň,

Kalbyna çekilen täsin keşde sen.

Bir görenleň ýene geler göresi,

Eşidenleň geler durar eşdesi.

 

Bina bolduň Arkadagyň pähminden,

Ile buýsanç, dillerime senam bol.

Milli Lidermiziň paýhasy hemem,

Arkadagly Serdar bilen dowam bol.

 

                                                                       Aýgül Ballyýewa

 Änew şäheri. Ýeňişiň 40 ýyllygy 26/2.

 Arkadag teleýaýlymynyň Gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Özbegistan Ýokary Geňeşini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň ilçisi Maldiw Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna dalaşgärligini hödürledi

Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady