JEMGYÝET

Kabul et, köňül kelamym!

Adyňdadyr abyraýyň agramy,

Röwşen ýoluň ýedi yklyma ýaýrady,

Kerem ýerleň ykbal üzre baýragy,

Asman ýyldyzlarynyň hadysysyň sen.

Dessanlara dönen tarypysyň sen.

Aýdym bolup heňňama heň getiren

Goja dünýäň juwan taryhysyň sen.

 

Şäheri sen şöhratlaryň, şanlaryň,

Ägirtleň mesgeni, çag bu çaglaryň,

Hemem yhlasyndan dörän şalaryň,

Eýýamlaryň hakydasy-asly sen.

Rowaçlygyň täze gelen pasly sen.

Il-ulusyň ýüze sylyp, diýdigi:

Arşyň Aýy, gögüň Güni misli sen.

 

Ynam tapýar sende ýaşlar galkyna,

Laýyksyň sen ata ýurduň kalbyna,

Her gün bäş wagtyna baş dileg bolup,

Azanlary metjidinden ýaňlanjak

Mukaddes künjeksiň eziz halkyňa.

 

Gözlere däl, göwünlere düşensiň,

Ömrüň günlerine güller düşelsin,

Zer diýilse sen ýadyma düşersiň,

Belent işleň bir bitewi dergähi.

Arşdaky behişdiň keşbi ýerdäki.

Şäherim «Arkadag», sarpam Arkadag!

Ylhama duş etdiň ruhy teşnäňi.

 

Ysmaýyl Muhammetdurdyýew,

Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň ýaşaýjysy.

Ýene-de okaň

«Ak şäherim Aşgabat-2026»:Türkmenistan daşary ýurtly kompaniýalar bilen resminamalar toplumyna gol çekdi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Ukrainanyň DIM-niň ýörite wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ýolbaşçylary Si Szinpine gynanç hatyny iberdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Rustam Minnihanowa 2 sany alabaý sowgat iberdi

Ata Watan Eserleri

Donald Tramp Türkmenistanyň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

Türkmenistanda 27-28-29-njy maýda Gurban baýramy bellener