JEMGYÝET

Şentop: Türkmenistan bilen Türkiýe halkara jemgyýetçiliginde abraýly iki dogan ýurt

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop Türkmenistanda resmi saparda bolýar. TBMM-niň Başlygy Mustafa Şentop saparynyň maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisinde deputatlaryň öňünde çykyş etdi.

Mustafa Şentop Türkmenistan bilen Türkiýäniň taryhy, medeni we dini umumylyklary bolan ýurtlardygyny belläp, : “Bu umumylyklardan alýan güýjümiz bilen umumy geljegimizi gurarys. Gurmaga başlan umumy geljegimiz Türkmenistanyň garaşsyzlygyny gazanmak bilen amala aşyp başlady. Garaşsyz Türkmenistany ykrar eden ilkinji ýurt hökmünde 30 ýyl mundan ozal Aşgabatda ilkinji ilçihanamyzy açdyk ” diýip belledi.

Şentop Türkiýäniň we Türkmenistanyň 90-njy ýyllardakydan has güýçlüdigini belläp: “Türkiýe bilen Türkmenistanyň halkara jemgyýetçiliginde abraýly orny eýeleýän iki dogan ýurt” -diýip aýtdy.

Mustafa Şentop Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklara barada belläp geçdi. Ol iki ýurduň arasynda ykdysadyýet, saglygy goraýyş, ulag, energetika ýaly ençeme ugurlarda hyzmatdaşlygyň amala aşyrylýandygyny belledi.

TBMM-niň Başlygy iki ýurduň dünýäde durnuklylygyň üpjün edilmegine hem uly goşant goşýandygyny nygtap, iki doganlyk ýurduň arasynda parlamentara gatnaşyklaryň hem ösdürilmeginiň möhümdigini belläp geçdi.

Ýene-de okaň

Eswatininiň Patyşasy Mswati III Türkmenbaşa geldi

Ata Watan Eserleri

Nepalyň Premýer-ministri Türkmenistana geler

“Makul habar”: şu gezekki sany BMG-niň Awaza forumyna bagyşlandy

Ata Watan Eserleri

Gazagystanyň Prezidenti BMG-niň Awaza forumyna gatnaşar

BMG-niň Awaza forumy: dünýäniň ünsi Awazada jemlener

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy

Ata Watan Eserleri