TEHNOLOGIÝA

Türkmenistany 4G bilen üpjün etmek üçin enjamlar satyn alyndy

Aşgabatda, Söwda-senagat edarasynyň binasynda Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel-2022» atly halkara forum geçirildi.

Türkmenistandan gatnaşyjylary hem-de 18 ýurda wekilçilik edýän 30 sany kompaniýalaryň we guramalaryň 100-e golaý daşary ýurtly wekillerini utgaşykly görnüşde bir ýere jemlän forumda Türkmenistanyň aragatnaşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri barada durlup geçildi.

“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýew  Türkmenistanyň telekommunikasiýa pudagyny mundan beýläk-de ösdürmegiň ýagdaýy hem-de geljegi barada beýan etdi.

  • Internetiň maglumatlary multiserwis taýdan geçiriş ulgamyny giňeltmek we döwrebaplaşdyrmak üçin bahasy ABŞ-nyň 80 million dollaryndan gowrak bolan enjamlar satyn alyndy we gurnaldy.
  • Türkmenistany 4G bilen birlikde, ykjam aragatnaşyk bilen doly we hemme ýerlerde üpjün etmek üçin ABŞ-nyň 100 million dollaryndan gowrak bolan enjam satyn alyndy.
  • Şeýle hem ähli ilatly ýerlere radiogepleşikleriň doly ýetirilmegi üçin bahasy ABŞ-nyň 15 millio dollaryndan gowrak bolan radiogeçirijiler işe girizildi. Bahasy ABŞ-nyň 30 million dollaryndan gowrak bolan kesgitlenen aragatnaşyk toruny giňeltmek, bar bolan içerki zolakly ulag ulgamyny kämilleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar.
  • Internet-trafigiň üstaşyr geçirijilik mümkinçiliginiň artdyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Türkmenistanda optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň döwletara birleşme sepleriniň 8-si gurnaldy.
  • “Türkmentelekom” elektroaragatnaşyk kompaniýasy hem-de “Azertelekom” JÇJ Türkmenbaşy we Siazan şäherleriniň arasynda Hazar deňziniň düýbünden optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny çekmek ugrundaky taslamanyň üstünde işleýärler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanly hukukçy “Lex Lawyer Now” sanly platformasyny döretdi

Ata Watan Eserleri

Sosial media endikligi boýunça uly kazyýet işlerine başlanýar

Türkmenistanda emeli aň tehnologiýalaryny ulanmagyň kadalary işläp taýýarlanylýar

Dr.Döwran Orazgylyjov

Soňky 3 ýylda emeli Intellekt baradaky çaklamalar näderejede üýtgedi?

Dr.Döwran Orazgylyjov

Hemişe onlaýn: «TELECOMWIFI» we «TM CELL»-iň amatly internet teklipleri

«Türkmentelecom» «bulut» infrastrukturasynyň mümkinçiliklerini artdyrýar