Fransiýanyň “PSŽ” toparynyň hüjümçisi Kilian Mbappe Çempionlar ligasynda 40-njy goluny geçirdi. Ol bu ýaryşda şeýle netijelilik görkezen iň ýaş futbolçy boldy. Şeýlelikde, fransuz futbolçy topardaşy Lionel Messiniň rekordyny täzeledi.
Fransiýanyň “PSŽ” topary Çempionlar ligasynyň toparçalardaky 6-njy tapgyrynda Italiýanyň “Ýuwentus” toparyny kabul etdi we 2:1 hasabynda ýeňiş gazandy. Şol duşuşykda Mbappe hem tapawutlandy.
Mbappe bu ýaryşda 40 geçirmek babatda iň ýaş futbolçy boldy. Mundan ozal. bu rekord topardaşy Lionel Messä degişlidi. Mbappe 40 gollyk rekordy 23 ýaşynda goýan bolsa, Messiniň rekordy 24 ýaşda amala aşypdy.
